Geldigylyç Arazgylyjow diýlende, süňňüne saz, owaz siňen, gürlände-de sesi mukama, aýdyma çalym edýän berdaşly adam göz öňüne gelýär. Ol ýaşlyk möwsümine çenli-de, aýdym-saza imrinip gezýär. Ol çagalygyndan başlap, saz çalmagyň yşkyna düşýär. Oňa ata-enesi ses ýazýan enjamy satyn alyp berýärler. Ol şoňa dürli aýdymlary ýazdyryp, özi-de aýdymyň sözlerini ýat tutup, çaga sesi bilen hiňlenýär. Ylaýta-da, onuň saza üşügi güýçli ekeni. Akkordeonda, tarda, mandolina-da çalynýan sazlaryň heňine öýkünýär. Şeýlelikde, çagalykdan mekdebiň aýdym-saz gurnagyna gatnap, her güni mukam içinde geçýär. Geldigylyç dürli saz gurallaryny çalmagy öwrenýär. Ol sazanda hem aýdymçy bolup sahna çykýar.
1966-njy ýylda Gubadag etrabyndaky 14-nji orta mekdebi tamamlap, şol ýyl hem Aşgabatdaky medeni-aň bilim tehnikumyna okuwa girýär. Geldigylyç bu okuw mekdebinde saz çalmak bilen meşgullanyp, sazandalaryň düzüminde çykyş edýär. Onuň saz çalmak ukyby bu ýerde has-da aýdyň ýüze çykýar. Ol dürli saz gurallarynda aýdym-sazlary ezberlik bilen ýerine ýetirýär.
G.Arazgylyjow 1969-njy ýylda medeni-aň bilim tehnikumyny üstünlikli tamamlap, öz dogduk obasyna – Gubadag etrabynyň Abadanlyk geňeşliginiň Gum obasyna dolanyp gelýär. Bu ýerde ol medeniýet işi bilen birlikde, aýdym-saz sungatyna aýratyn üns berýär. Dürli saz gurallaryny çalýan sazandalardan ybarat ýörite topar düzüp, ilki öz obasynda, soňra etrabyň dürli ýerlerinde aýdym-saz çykyşlaryny guraýar. Şeýle guramaçylyk ukyby bilen adygan Geldigylyç Arazgylyjowa etrap medeniýet bölümi tarapyndan 1979-njy ýylda etrap merkezinde çagalar sungat mekdebini açmak ynanylýar. Bu ýokary ynamdan ruhlanan Geldigylyç Arazgylyjow özüniň ýiti guramaçylyk ukybyny görkezip, çagalar sungat mekdebini döwrebap gurmagy başarýar. Ol ilki bilen bu sungat mekdebine ökde aýdym-saz mugallymlaryny çekip, okuw gollanmalary, saz gurallary, gerekli mekdep enjamlary bilen üpjün edip, okuwçylaryň bu ugurdan döwrebap bilim almaklarynda we saz çalmak endiklerini ösdürmekde möhüm işleri bitirýär.
G.Arazgylyjow halypa-şägirtlik ýoluna eýerip, ussat halypa bagşydyr sazandalary çagyryp, olar bilen çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň aýdym-sazly duşuşygyny geçiripdir. Söhbetli hem aýdym-sazly duşuşyk halypalaryň okuwçylaryň bilelikdäki konsertine öwrülipdir. Ol duşuşyklara Türkmenistanyň halk bagşylary Ilaman Annaýew, Tüýli Otuzow, Çuwal bagşynyň ogly, ussat gyjakçy Jumaguly Magtymgulyýew, bagşylar Begmyrat, Aýmyrat Annaýewler, bagşy hem ökde gyjakçy Şyhmyrat Jumaýew dagy gatnaşypdyr. G.Arazgylyjow köp bagşy-sazandalar bilen duz-emek bolmak bilen, olardan öwrenipdir we öz öwrenenlerini mugallymlar hem okuwçylar bilen paýlaşypdyr.
Ol öz işine has-da döredijilikli we yhlasly çemeleşmek bilen, aýdym-saza ökde şägirtleri ýetişdirýär. Olardan bagşy-sazandalar – Türkmenistanyň at gazanan artisti Gurban Gurbanowy, Ýusup Begjanowy, Ahmet Esenýazowy we başgalary görkezmek bolar. Gurban Gurbanow özüniň ýaşlyk ýyllaryny ýatlap, 1984-nji ýylda bu sungat mekdebini ilkinjileriň biri bolup, üstünlikli tamamlandygyny buýsanç bilen aýdýar. Ol özüniň bu ýerde sungata gönükmeginde halypasy G.Arazgylyjowyň beren maslahatlaryny hoşallykly ýatlap, halypanyň özüne kämillik gapysyny açandygyny buýsançly gürrüň berdi.
Meniň hem ýaşlygymyň bir bölegi Geldigylyç halypa bilen geçdi. Kakam Berdibaý Berdiýew (Osman bagşy) toýlarda aýdym aýdanda, ýanynda Geldigylyç aga gyjak çalardy. Ol gyjak çalmaga diýseň ökdedi. Olar, köplenç, öýümizde aýtmaly aýdymlary owaz gazanynda kemsiz bişirerdiler. Mydama tiňkämi dikip oturanymdanmy nämemi, birden Geldigylyç aga maňa bakyp: «Hany, sazanda bolsaň, «Hajygolagy» çal» diýdi. Men bu sazy bildigimden dutarda çaldym. «Boljak, saz üşügi, mukam düşegi «Hajygolakdadyr» diýdi. Geldigylyç halypa öýümize gelse, öýdäkiler begenýärdiler. Ol diýseň degişgen hem şoh adamdy, göýä onuň üçin bu dünýäde gam-gussa ýok ýalydy. Ol hemişe ýylgyryp gezerdi, ýylgyryp gürlärdi. «Ýüregi gözünden görnüp duran» diýilýän şeýle mylaýym, mähriban adamdy. Oňa çagalar sungat mekdebiniň ähli mugallymlary «Halypa» diýip ýüzlenýärdiler. Sebäbi olaryň hersinde Geldigylyç halypanyň öwreden okuwy, beren dersi bardy. Ol her bir mugallymyň okuw dersine gatnaşyp, oňa ýürekden ýylgyryp, şeýle mähribanlyk bilen özüniň iş tejribesini bagyş edýärdi.
Bir gezek Geldigylyç halypa çagalar sungat mekdebimiziň okuw otagynda gyjak çalýan okuwçylaryň saz ukybyny gözden geçirdi. Mugallymlaryň gatnaşmagynda geçirilen sapakda biz – ýaşlara gyjak çalmagyň inçe tärleri barada aýdanda, perdesiz gyjagyň perdesiniň ýüregiň perdesindedigini aýdyp, her kimiň öz zehinini yzygiderli taplap durmalydygyny belledi. «Şonda Baýram gyjakçy ýaly «iki gyjakçylyk» iş bitirersiňiz» diýdi. Mugallymlaryň biri:
– Halypa, «Iki gyjakçylyk» diýýäniňiz näme? – diýip sorady.
– Nazar Baganyň Baýram diýen gyjakçysy bolup, ol ýaş ýogalýar. Soňra onuň ýanynda iki gyjakçy Berdibaý bilen Öwez gyjakçylyk edýär. Bir gezek olaryň ýoly Baýram gyjakçynyň ýatan öwlüýäsiniň üstünden düşýär. Baýramyň başujunda doga okap, Nazar Baga suw-sil aglaýar. Soňra iki gyjakçysy halypadan ýarym-ýaş bolup aglandygynyň sebäbini soranda, ol:
– Neneň aglamaýyn! Baýram gyjak çalanda, iki gyjakçynyň owazyny berip bilýärdi. Indi meniň sesime siz iki bolup eýerýärsiňiz. Onsoňam Baýramdan öň men bakyýete giden bolsam, Baýram hiç bir bagşynyň ýanynda ömrüne gyjak çalmazdy. Ine, meniň namart ýerim – men henizem Baýramsyz dutar çalyp, aýdym aýdyp ýörün – diýip, başyny ýaýkaýar.
Geldigylyç Arazgylyjow hakynda ýagşy ýatlamalar il içinde ýaşap ýör. Ussat sazanda hem bagşy, ökde guramaçy ýolbaşçy, mähriban ynsan, türkmen şahandazlygynyň eýesi bolan G.Arazgylyjowly geçen ýyllar welaýatymyzyň bagşy-sazandalary üçin aýdym-saz sungatynyň inçe ýollarynyň açylan ýyllary boldy. Onuň sungat ýolundan ýöräp ýören şägirtleri bolsa, sungatyň täze gözleglerinde özlerini görkezýärler.
Akmyrat REJEBOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby,
dessançy bagşy.
PDF








