«Zaman-Türkmenistanyň» arhiwinden
Redaksiýadan:
Agyn bolmasa, gazet-žurnal işgärleriniňdir žurnalistleriň arasynda «Gazet sahypalarynda taryh ýaşaýar» diýiläýmesi bar. Bu jümläniň näderejede hakykatdygyna
«Zaman-Türkmenistanyň» geçen ýyllarda çap edilen sanlaryna göz gezdireniňde, has-da magat göz ýetirýärsiň. Täsin ýeri, olarda beýan edilen oý-pikirleriň hemişe tereňligini saklap galýandygydyr.
Biz hem gazetimiziň sahypalarynda çap edilip, öz döwründe okyjylaryň gyzgyn seslenmesini gazanan käbir makalalary täze rubrika astynda çap etmegi makul bildik.
Şu ýerde gürrüňi edilen wakalaryň hersiniň üstünden tas 25 ýyla golaý wagt geçipdir.
SAGLYK
Bir gezek kyrk ýaşyny tegeläp ýören Rahman atly daýaw pyýada meşhur lukman Çary Baýryýewiň ýanyna baryp, aşgazanynyň agyrýanlygyndan, işdäsiniň ýoklugyndan, ukusynyň kemliginden zeýrenipdir. Onuň aşgazanyny, ýüregini, ödüni, garaz, «agyrýar» diýen ýerlerini iki günläp iş edinip barlapdyrlar. Ýöne howply zat ýok eken.
Soňra meşhur lukman bilen «syrkawyň» arasynda şeýle söhbetdeşlik bolupdyr. «Irden turup, on-ýigrimi minut maşk dagy edýäňmi? Agşamara, ukyň öň ýanynda gezelenç edýäňmi?». «Ýok». Çary aga oňa soňky sowalyny beripdir: «Bir ýylda 365 gün, 12 aý, 52 hepde bar. Her hepdede 7 gün, her günde 24 sagat bar. Şunça wagtyň dowamynda sen sagat bolmagyň üçin näme edýäň?!». «Syrkaw» ahmyr bilen başyny ýaýkapdyr. Çary aga oňa şeýle diýipdir: «Seniň özüň özüňe ýagy. Saňa lukmanyň, däri-dermanyň nepi degmez. Bar, ötägit!».
Rahman şondan bir aý geçip-geçmänkä her gün irden bir sagat ylgap, ýatmazynyň öň ýanam şonça wagt gezelenç edip başlapdyr. Häzir onuň ýaşy 80-iň onunda. Şol ylgap ýörşi. Şol ýyllary ýatlanda: «Maňa sagdyn ömür beren owal-a Allatagala, soňra-da Çary agamdyr, imanly bolsun bende» diýip, alkyş okaýar.
BAÝLYK
Bir gezek Ýylanly etrabynyň (häzirki Garaşsyzlyk) Sapyş Çerkezow adyndaky daýhan birleşiginiň (şol mahallarky «Moskwa» kolhozynyň) başlygy Sapyş aga Aşgabada ýygnaga gelende, obadaşy, ýokary okuw mekdepleriniň birinde mugallym bolup işleýän Halmämmediň öýünde myhmançylykda bolupdyr. Ýeri gelende ýatlatsak, Sapyş aga 50 ýyl gowrak wagt başlyk bolan adamdy. Oňa Türkmenistanyň Gahrymany diýen at hem berlipdi.
Söhbetdeşlikde Halmämmet 9 gatly jaýyň 7-nji gatynda ýaşaýandygyny, 7 çagasynyňam, tüweleme, ýetişip gelýändigini, olary öýli-işikli etmegiňem uly alada goýýandygyny… janyny ýakyp, gürrüň beripdir. Şonda Sapyş aga özüniň şol wagtky ýolbaşçylyk edýän kolhozynyň Was düzlüginden täze ýerleri açyp başlandygyny, oňa şu wagtky işinden çykyp, oba barsa, 5-6 gektar ýer almaga, ony bejerip, ekip bermäge ýardam etjegini aýdypdyr. Ýarym gün oglan okadyp, galan wagtam paýtagtyň arassa köçelerinde ýakaňa pitikläp, köw-söw edip ýörmekden jübiň galňamajagynam gowja düşündiripdir. Häzir Halmämmet Wasda uly mülkdar.
Çagalarynyň ählisem, tüweleme, öýli-işikli, bilimli, hünärli adamlar. Hersiniň işiginde daşary ýurt ulagy ýalpyldap dur. Ol käteler täzeje ulagynyň rulunda özi oturyp, yzyna-da gyş gawunyndan, aw etinden, ýaňy soýlan çebşiň etinden, künji ýagdan… mas ýükläp, Aşgabada – çagalarynyňka, dost-ýarlarynyňka gezelenje gelýär. Iküç gün geçip-geçmänkä-de, «Wasda çaly-çerkezleriň, ýylgynlaryň müňbir dürli ysyny alyp durmasam, ýürek karar tapanok» diýibem yzyna gyp basaýýar.
MERTEBE
Bir gün Kerim Gurbannepesow redaksiýalaryň birine salama gelende, Bägül atly ýaş gelin uly halypa goşgularyny okap beripdir.
Şol döwürde ol instituty tamamlap, mekdepde mugallym bolup işleýän eken. Kerim halypa oňa goşgularynyň heniz gowşakdygyny, şahyr bolmak üçin Azadydyr Magtymguludan başlap, ýazyjy-şahyrlaryň eserlerini ençeme gezek okap çykmalydygyny, her günem galamyny elinden düşürmän işlemelidigini aýdypdyr.
Bägül Kerim halypa mekdepde işiniň köpdügini, agzalan uly şahyrlaryň tomluklaryny edinmäge-de gaty kän pul gerek boljagyny, aýal maşgala üçin öýüň hysyrdylarynyňam az däldigini ýaňzydypdyr. Başga biri bolan bolsa, «Wah, jan jigi, beýle bolsa, goşgy ýazmak seniň borjuňa girenog-a» diýerdi welin, Kerim halypa şeýle sypaýy adamdy-da! 0l şahyr gelne: «Sen aýlyk-günlügini azrak görmeseň, häzirki işiňden çyk-da, kitaphana işe gir. Ol ýerde saňa Magtymguly, Nowaýy, Ferdöwsi, Puşkin, Lermontow, Baýron, Gýote, Tolstoý, Kerbabaýew… ýaly ägirtler halypalyk eder. Şonda ýazyjy-şahyrlygyň nämedigine gowja göz ýetirersiň. Ýa-ha häzirkiňden gowrak ýazarsyň, ýa-da ýazmaňy ymyklyja goýmalydygyňa akyl ýetirersiň» diýipdir. Aradan bir hepde geçip-geçmänkä Bägül kitaphana işe giripdir.
Häzir Bägüli ähli okyjylar diýen ýaly tanaýar. Goşgam ýazýar, kyssa-da. Gazet-žurnallarda her hepdede, aýda onuň onlarça makalasy, goşgular toplumy çap edilip dur. Gündogar, Ýewropa, umuman, dünýä edebiýatyny, taryhy, pelsepäni gowy bilýär. Galamyny ezber işletmegi başarýar. Edebi bäsleşiklerde ençeme gezek baýrak aldy. Goşgularyny, kyssa eserlerini, terjimelerini, gyzykly makalalaryny çap etmeli bolsa, azyndan 10-15 tomluk kitap boljak.
Şunça ýyllaryň dowamynda redaksiýalaryň köpüsi Bägüle iş hödürläp gördi. Ýöne ol henizem şol öňküje kitaphanasynda işläp ýör. Abraý-mertebe tapan ýeri-dä!
Biziň köpimiz Rahman aga, Halmämmet, Bägül ýaly onlarça, ýüzlerçe, belki, müňlerçe adamlar ýaly sagdyn bolmagy, gowy ýaşamagy, abraýly-mertebeli bolmagy arzuw edýändiris. Emma şol adamlar ýaly, akylly, tejribeli halypalar degerli maslahat bereninde, erkimizi mäkämden-mäkäm jylawlap maksadymyza ýetmek üçin bilegimizi pugta çyzgap, çynymyzy edip topulýarmykak?! Şu sowaly özümem özüme häli-şindi berip görýän. Gönimden gelmeli bolsam «hawa» diýib-ä jogap berip biljek däl.
Sizem özüňiz biliň-dä! Bir ýagdaý welin hiç mahal üytgemedik, üýtgemeýän, üýtgemeiek hakykat: olam her kimiň öz erkiniň öz elindeligi!
Hudaýberdi DIWANGULYÝEW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.
PDF







