Gruziýanyň çäginde geçirilen arheologik barlaglaryň netijesinde, mundan 8 müň ýyl ozal ösdüdrilip ýetişdirilen bugdaý däneleriniň yzlary ýüze çykaryldy. Alymlaryň pikirine görä, bu tapyndy dünýäniň iň ähmiýetli ekinleriniň biri bolan bugdaýyň gelip çykyşy baradaky taryhy garaýyşlary düýpli üýtgedýär. “Proceedings of the National Academy of Sciences” (PNAS) žurnalynda çap edilen täze ylmy iş, bugdaýyň mundan 8 müň ýyl ozal Günorta Kawkaz sebitinde, eýýäm, medenileşdirilen bugdaýyň ýabany däneli ösümlikler bilen tebigy usulda çaknyşmagy netijesinde dörändigini subut edýär.
Gruziýanyň Milli muzeýiniň hünärmenleri tarapyndan neolit döwrüne degişli Gadaçrili-Gora we Şulaweris-Gora taryhy künjeklerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, gadymy çig kerpiçleriň ýüzünde saklanyp galan bugdaý sünbülleriniň yzlary we ösümlik galyndylary tapyldy. Bu subutnamalar sebitde, eýýäm, şol döwürlerde ekerançylyk medeniýetiniň ýokary derejede bolandygyny we irki ekerançylaryň täze ekin görnüşlerini döretmekde tejribeler geçirendigini görkezýär. Gruziýanyň Milli muzeýiniň direktory Dawid Lordkipanidze bu tapyndynyň sebit halklarynyň dünýädäki iň irki ekerançylyk medeniýetleriniň wekilleri bolandygyny tassyklaýandygyny belläp, bu ýerde mundan ozal 8 müň ýyllyk taryhy bolan üzümçilik medeniýetiniň yzlarynyň hem tapylandygyny ýatlatdy.
Paleoetnobotanik Nana Ruşiwiliniň geçiren barlaglaryna görä, ýüze çykarylan nusgalar irki döwürde ösdürilip ýetişdirilen bugdaýyň “Aegilops tauschii” diýlip atlandyrylýan ýabany däne görnüşi bilen çaknyşandygyny tassyklaýar we bu ýagdaý sebitiň bugdaýyň ösdürilip ýetişdirilen esasy merkezleriniň biridigine şaýatnamasy bolup hyzmat edýär. Smitson institutynyň Milli tebigy taryh muzeýiniň arheology Melinda Zederiň pikirine görä, bu açyş Günorta Kawkazyň ýerli ilatynyň goňşy sebitler bilen gatnaşyk saklap, bar bolan tehnologiýalary özleriniň tebigy şertlerine uýgunlaşdyrmak arkaly görkezen täzeçilliginiň netijesidir. Medeniýetiň sallançagy hasaplanýan “Hasylly ýarymaý” zolagyna degişli bolan bu sebit, adamzat siwilizasiýasynyň we ekerançylygyň kemala gelen iň gadymy ojaklarynyň biri hökmünde dünýä ylmynyň üns merkezinde durýar.
PDF









