Howanyň üýtgemegi we daşky gurşawyň hapalanmagy adamyň saglygyna, aýratyn-da, beýnä gan inmeginiň ýüze çykmagyna otrisatel täsirini ýetirýän esasy faktorlardyr. Bütindünýä insulta garşy göreş guramasynyň alymlary tarapyndan geçirilen täze ylmy barlaglar howanyň üýtgemegi bilen bagly bolan aşa gyzgynlyk, sowuklyk, çyglylygyň we atmosferanyň basyşynyň üýtgemegi, şeýle hem tozanly tupanlar ýaly tebigy hadysalaryň insult riskini düýpli ýokarlandyrýandygyny görkezýär. Ylmy maglumatlara görä, häzirki wagtda dünýäde insult sebäpli döreýän saglyk ýagdaýlarynyň, takmynan, 37 göterimi ekologiýa faktorlary, esasan hem, howanyň hapalanmagy we gurşun düzümli maddalaryň täsiri bilen baglydyr.
Barlagyň awtory, Täze Zelandiýanyň Otago uniwersitetiniň hünärmeni Anna Rantanyň bellemegine görä, ýokary temperaturalar bedeniň suwsuzlanmagyna we ganyň goýalmagyna sebäp bolup, gan damarlarynyň dykylmak howpuny döredýär. Şol bir wagtda, atmosferanyň basyşynyň we çyglylygyň üýtgemegi gan basyşynyň ýokarlanmagyna getirýär, bu bolsa insultyň iň esasy sebäpleriniň biridir. Aýratyn-da, gartaşan adamlar, madda çalşygy bozulan şahslar we pes girdejili ýurtlarda ýaşaýan ilat bu ýaramaz täsirler babatda has ejiz topary emele getirýär. Howadaky drob bölejikleri bolsa öýken arkaly gana geçip, beýni arteriýalarynyň zeperlenmegine sebäp bolup bilýär.
Hünärmenler howanyň üýtgemeginiň we hapalanmagynyň umumy çeşmesiniň gazylyp alynýan ýangyçlaryň ýakylmagy bilen baglydygyny nygtaýarlar. Şundan ugur alyp, ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylarynyň azaldylmagy diňe bir ekologiýany däl, eýsem, ilatyň beýni saglygyny goramakda hem möhüm ähmiýete eýedir. Bütindünýä Saglygy Gorama Guramasynyň maglumatlaryna görä, insult dünýäde maýyplygyň we ölümiň esasy sebäpleriniň arasynda üçünji orunda durýar. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawy goramak boýunça görülýän çäreler global saglygy goraýyş ulgamynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezilýär.