Norwegiýanyň raýat awiasiýasy edarasy adaty uçuş-gonuş zolaklaryna zerurlyk duýmaýan gibrid howa ulaglarynyň gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Maksatnamanyň çäklerinde gysga aralyklara howa gatnawlary ýola goýlar. «Electra» kompaniýasynyň işläp taýýarlan «Ultra Short EL9» atly kiçi göwrümli uçaryndan peýdalanylmagy göz öňünde tutulýar. Bu uçaryň uçmagy we gonmagy üçin 50 metr ýol ýeterlik. Bu bolsa uçaryň awtoduralgadan we beýleki islendik giňişlikden uçmagyna we gonmagyna mümkinçilik berýär. Ýurduň ulag ministri Jon-Iwar Nygard maksatnamanyň ýurduň az uglerodly awiasiýa üçin dünýäniň synag merkezi bolmagyna goşant goşjakdygyny belleýär. Nygard, esasan, geografik taýdan selçeň ilatly ýerleri bolan Norwegiýa ýaly ýurtlarda şeýle çözgütleriň oňyn netije berjekdigini belleýär.
Maksatnamanyň çäklerinde diňe howa gämisiniň tehniki aýratynlygy däl, eýsem, şol bir wagtyň özünde täze howa gämileriniň işledilmegi üçin ýerüsti desgalaryň hem üýtgedilmegi göz öňünde tutulýar. Taslama Norwegiýanyň «Avinor», ABŞ-nyň «Bristow Group» we «Electra» kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygynda amala aşyrylýar.
Dokuz ýolagçy orunlyk «EL9» uçarlary 80-800 kilometr aralykda hyzmat eder. Howa gämisi geografik taýdan daglyk we suwly ýerlerde gury ýer arkaly has uzak ýoldan barylýan aralygy gysgaltmaga ýardam eder.
Ilkinji synag uçuşy geljek ýyl ýurduň demirgazygyndaky kiçi howa menzilinde, soňra bolsa howa menzili bolmadyk ilatly ýerlerde amala aşyrylar.
Atajan Garaýew,
Kaka etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň müdiri.
PDF









