Ýakynda Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde «Turan» halkara kinofestiwaly geçirildi. Bu halkara kinoforumyň maksady kinematografiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, kino sungatyny ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Bu çärä türki döwletler bilen bir hatarda, beýleki birnäçe ýurtlardan kino sungatynyň wekilleri, meşhur kino hünärmenleri, aktýorlar, bilermenler gatnaşdy.
Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) bilelikde guramagynda geçirilen «Turan» halkara kinofestiwalyna dünýäniň 90-dan gowrak döwletinden 2 müňden gowrak film hödürlendi. Bu döredijilik çäresine ýurdumyzdan Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi hem-de «Mahabat» müdirligi tarapyndan surata düşürilen filmler gatnaşdyryldy.
Kinofestiwalda Batyr Batyrowyň «Ýeňişli ädimler» atly çeper filmi «Iň gowy çeper film» ugry boýunça «Gyzyl alma» baýragyna, Mekan Gurbanalyýewiň «Mähir terbiýesi» atly gysga göwrümli filmi «Iň gowy gysga göwrümli film» ugry boýunça «Gyzyl alma» baýragyna, Röwşen Welmiýewiň «Meniň oýnum» atly multfilmi eminler toparynyň ýörite baýragy bolan «Gyzyl alma» baýragyna mynasyp görüldi.
Türki medeniýetiň halkara guramasy tarapyndan “Turan” halkara kinofestiwalynyň geçirilmegi kinematografiýa eserleri arkaly türki dünýäniň gymmatlyklaryny tutuş dünýä görkezmäge, bu ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
PDF









