Çaga – ömrümiziň gülleri

4

Halkymyzda çaga durmuşyň manysy, maşgalanyň dowamaty we öýüň bereketi hasaplanýar. «Çagaly öý — bazar» diýen pähime eýerýän türkmen jemgyýetinde körpe nesiller baradaky alada hemişe iň ýokary derejede goýulýar. Eziz Diýarymyzda bu asylly ýörelge döwlet syýasatynyň özeni bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi, olaryň döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin amala aşyrylýan işler hakyky manyda umumymilli alada öwrüldi.
Döwletimiziň geljekki ösüşleriniň binýady hut şu günki ösüp gelýän nesliň sagdynlygy we akyl-paýhasy bilen berkidilýär. Eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak, ýaş hünärmenleriň we maşgalalaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen kabul edilýän kanunlar hem-de maksatnamalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň her bir künjeginde açylyp ulanmaga berilýän döwrebap «Ene mähri» merkezleri we çagalar saglygy goraýyş edaralary dünýäniň iň ösen tejribelerini özünde jemleýär. Bu bolsa geljegiň eýeleri bolan çagalaryň has irki döwürlerden başlap doly we dogry ideg bilen gurşalyp alynmagyna mümkinçilik berýär.
Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň şäherlerinde hem-de iň çetki obalarynda gurlup ulanmaga berilýän täze, döwrebap çagalar baglarynyň ähmiýeti diýseň uludyr. Bu binalar diňe bir ak mermerli kaşaň desgalar bolman, eýsem, çagalaryň ukyplarynyň açylýan, dünýägaraýşynyň kemala gelýän hakyky bilim we terbiýe ojaklarydyr. Täze açylýan çagalar baglarynyň gurluşygynda we enjamlaşdyrylyşynda halkara standartlaryna, şol bir wagtda çaga psihologiýasynyň aýratynlyklaryna uly üns berilýär. Körpeleriň wagtyny peýdaly we şadyýan geçirmegi üçin bu ýerlerde ähli şertler — oýun meýdançalary, aýdym-saz we çykyşlar ýaly gurnaklar üçin ýörite otaglar göz öňünde tutulýar.
Mekdebe çenli edaralarda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy bolsa çagalaryň eýýäm kiçi ýaşlardan innowasiýalara uýgunlaşmagyna kömek edýär. Interaktiw tagtalaryň, ösdürijilikli oýunlaryň we elektron serişdeleriň üsti bilen berilýän bilimler körpeleriň ýatkeşligini ösdürýär. Çagalara türkmen halkynyň milli däp-dessurlary, ulyny sylamak, kiçini ezizlemek we watansöýüjilik ýaly asylly häsiýetler iň irki döwürlerden başlap öwredilýär. Ertekiler we rowaýatlar arkaly olar milli gymmatlyklar bilen terbiýelenýär, bu bolsa geljekde kämil we ygrarly nesliň kemala gelmegini üpjün edýär.
Sagdyn nesli ýetişdirmek diňe bir bilim bilen çäklenmeýär, ol fiziki sagdynlygy hem öz içine alýar. Çagalar baglarynda berilýän iýmitleriň hili, terligi we witaminlere baýlygy döwlet tarapyndan yzygiderli gözegçilikde saklanylýar. Bedenterbiýe we sport maşklarynyň gündelik tertibe girizilmegi körpeleriň beden taýdan berk bolmagyna ýardam edýär.
Türkmenistanyň her bir künjeginde körpeleriň şadyýan gülküsi ýaňlanýar. Çagalar baradaky alada biziň döwletimiziň iň belent we mukaddes borjudyr. Sebäbi sagdyn, bilimli we kämil terbiýeli nesil – kuwwatly döwletiň, parahat durmuşyň we egsilmez bagtyň kepilidir. Her bir gurlan täze çagalar bagy, her bir döredilen şert biziň ýagty geljegimize goýlan iň uly maýa goýumdyr. Çagalaryň bagtyýarlygy bütin milletiň bagtyýarlygydyr.

Maral ÝAKUPOWA,
Hojambaz etrabynyň 5-nji çagalar bagynyň müdiri.