Gurban baýramy türkmen halkynyň asyrlardan aşyp gelýän ruhy gymmatlyklarynyň, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň we milli däp-dessurlarynyň dabaralanýan mukaddes baýramydyr. Bu baýramyň golaýlamagy bilen ýurdumyzyň her bir ojagynda, obadyr şäherlerinde uly joşgun bilen taýýarlyk işlerine görülýär. Ýurdumyzda Gurban baýramyna görülýän taýýarlyklar adamlaryň kalbyny mähir-muhabbete, agzybirlige we haýyr-sahawata gaplaýan ruhy taýýarlygy hem özünde jemleýär.
Döwlet derejesinde uly üns berilýän Gurban baýramynyň üç günläp dowam etmegi we dynç alyş günleriniň yglan edilmegi halkymyzyň öz milli däplerini doly berjaý etmegine mümkinçilik döredýär. Ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda merkezlerinde haryt bolçulygy üpjün edilip, baýramçylyk saçagynyň bereketi üçin ähli şertler döredilýär. Şol bir wagtda medeniýet we sungat işgärleri tarapyndan aýdym-sazly konsertlerdir çykyşlar we milli oýunlar taýýarlanylýar. Baýramyň iň şowhunly pursatlarynyň biri bolan beýik hiňňildikleriň gurulmagy bolsa halkyň ruhy taýdan belentligini we çagalaryň bagtyýarlygyny alamatlandyrýar.
Gurbanlyk günlerinde berilýän sadakalar, edilýän doga-dilegler her bir ynsanyň ruhynyň päklenmegine we jemgyýetde parahatçylygyň höküm sürmegine ýardam edýär. Türkmenistanda Gurban baýramyna görülýän taýýarlyklar halkymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän ynsanperwerlik mirasyna bolan ygrarlylygynyň aýdyň beýanydyr. Baýramçylyk taýýarlyklarynyň barşynda kemala gelýän agzybirlik we doganlyk duýgulary ýurdumyzyň bereketini has-da artdyryp, her bir türkmen ojagyna bagt, rysgal we kalplara egsilmez şatlyk paýlaýar.
Gülşen EREŞOWA, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň talyby.
PDF









