Zehinleri taplaýan dil hepdelikleri

3

Mä­lim bol­şy ýa­ly, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ren­mek, öw­ret­mek ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan dil sy­ýa­sa­ty­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Ösen jem­gy­ýe­ti­miz­de da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni bil­mek dur­muş ze­rur­ly­gy­na öw­rül­di. Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň ta­lyp­la­ry hem türk­men di­li­niň hem-de da­şa­ry ýurt dil­le­ri­niň in­çe syr­la­ry­ny kä­mil öz­leş­dir­ýär­ler. Hä­zir­ki dö­wür­de ta­lyp­la­ryň ara­syn­da köp­dil­li­lik dü­şün­je­si bar­ha ýaý­baň­lan­ýar. Bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­de ta­lyp­la­ryň hü­när hök­mün­de saý­lap alan da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni çuň­ňur öw­ren­me­gi, söz­le­ýiş en­dik­le­ri­ni we ba­şar­nyk­la­ry­ny yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­me­gi üçin oka­dy­ly­şyň, dil öw­ret­me­giň dür­li tär­le­rin­den peý­da­la­nyl­ýar. Okuw iş­le­rin­de mil­li maz­mun­ly nus­ga­wy usul­lar bi­len bir­lik­de, dün­ýä tej­ri­be­si­niň ga­za­nan­la­ryn­dan hem ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ýar.
Ins­ti­tut­da ta­lyp­la­ryň hü­när taý­ýar­ly­gy bo­ýun­ça ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny art­dyr­mak, ze­hin­le­ri­ni ýü­ze çy­kar­mak me­se­le­si­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Bu ba­bat­da öw­re­nil­ýän dil­le­riň hep­de­lik­le­ri­niň ge­çi­ri­lip du­rul­ma­gy uly äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Bu hi­li gu­ral­ýan çä­re­ler­de bir hep­dä­niň do­wa­myn­da şol di­liň gep­le­şil­ýän ýur­du­na ga­ýy­ba­na sy­ýa­hat edil­ýär. Dil hep­de­lik­le­rin­de hü­när di­lin­de sah­na­laş­dy­ry­lan oýun­la­ryň gör­ke­zil­me­gi, çe­per oka­ýyş, su­han­göý­lük, ter­ji­me­çi­lik, hat­dat­lyk, er­kin te­ma­dan düz­me ýaz­mak bo­ýun­ça ze­hin bäs­le­şik­le­ri­niň gu­ral­ma­gy, di­li öw­re­nil­ýän ýurt­la­ryň me­de­ni­ýe­ti we sun­ga­ty, halk­la­ryň däp-des­sur­la­ry, ta­gam­la­ry bi­len ta­nyş­dy­ryl­ma­gy, açyk hem-de gö­rel­de­li okuw sa­pak­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi örän tä­sir­li bol­ýar.
Ýa­kyn­da ge­çi­ri­len şeý­le dil hep­de­lik­le­ri­niň bi­ri türk di­li­ne ba­gyş­lan­dy. Do­gan­lyk hal­kyň di­li­ni öw­ren­ýän ta­lyp­lar hep­dä­niň do­wa­myn­da öz­le­ri­niň ze­hin ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­kez­di­ler. «Dil bi­len dün­ýä­ni ge­zer» di­ýen şy­gar as­tyn­da ge­çi­ri­len dil hep­de­li­gin­de «Ga­dy­my söz­ler – mü­di­mi söz­ler», «Söz ma­ny­sy­ny aňar bol­saň…» di­ýen te­ma­lar­dan ge­çi­ri­len baý­ram­çy­lyk söh­bet­deş­lik­le­ri oňa gat­na­şan­lar­da uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, türk­men we türk dil­le­ri­niň ta­ry­hy kö­ki bir­dir, ru­hy gym­mat­lyk­la­ry umu­my­dyr. Şu nuk­daý­na­zar­dan, ga­dy­my oguz di­li­niň ula­nyş­dan ga­lan köp söz­le­ri­ni türk­men di­lin­den ýa-da türk di­lin­den tap­mak müm­kin. Mu­ňa gut, saw, kok, üýn, de­ňiz, gu­zaý (ku­zeý), de­gil, tem­mel, or­man, çi­men, çö­rek ýa­ly en­çe­me söz­le­ri my­sal ge­tir­mek müm­kin­dir.
Türk di­li hep­de­li­gi­niň jem­leý­ji da­ba­ra­syn­da şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 35 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp, ýur­du­myz­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler, ýe­ti­len sep­git­ler ba­ra­da wi­deo­şe­kil­li çy­kyş­lar gu­ral­dy. Ýu­nus Em­rä­niň, Ga­ra­ja­og­la­nyň, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň goş­gu­la­ry, Gah­ry­man
Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man
Ser­da­ry­my­zyň eser­le­rin­den par­ça­lar hü­när di­lin­de okal­dy, türk aý­dym­la­ry ýaň­lan­dy, joş­gun­ly tans­lar ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di, türk hal­ky­nyň toý däp­le­ri we ta­gam­la­ry bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy.

Enara SÄDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.