Köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär

1

13-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow duşuşdy.

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türkmenistanyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ka­zan Krem­li­ne bar­dy. Bu ýer­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zy RF-niň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­ta­ny Rus­tam Min­ni­ha­now mä­hir­li gar­şy­la­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz we Rus­tam Min­ni­ha­now bi­le­lik­de Ka­zan Krem­li­niň tö­we­re­gi­ni syn­la­dy­lar. Soň­ra Gahryman Ar­ka­da­gy­myz bi­len Ta­ta­rys­ta­nyň Baştutanynyň ara­syn­da iki­çäk du­şu­şyk ge­çi­ril­di.
Rus­tam Min­ni­ha­now be­lent mer­te­be­li türk­men myh­ma­ny­ny ýe­ne bir ge­zek mä­hir­li mü­bä­rek­läp, ça­ky­ly­gy ka­bul eden­di­gi üçin Gahryman Arkadagymyza ho­şal­lyk bil­dir­di we köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da dur­nuk­ly ös­dü­ril­ýän iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy ça­ky­lyk hem-de bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin min­net­dar­ly­gy­ny be­ýan edip, Türk­me­nis­ta­ny we Ta­ta­rys­ta­ny çuň­ňur ta­ry­hy kök­le­riň, me­de­ni-ru­hy gym­mat­lyk­la­ryň umu­my­ly­gy­nyň bag­la­nyş­dyr­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.
Dost­luk­ly ýur­duň Baş­tu­ta­ny türk­men-rus stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mö­hüm bö­le­gi bo­lan se­bi­ta­ra dia­lo­gy ös­dür­mä­ge ber­ýän yzy­gi­der­li ün­si we gol­da­wy üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, öza­ra hor­mat goý­mak, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki de­re­je­si­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di.
Söh­bet­deş­ler dür­li pu­dak­lar­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ryň ne­ti­je­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­rip, gat­na­şyk­la­ryň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­me­giň mö­hüm­di­gi­ni tas­syk­la­dy­lar. Yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryl­ýan ýo­ka­ry de­re­je­li sa­par­lar­dyr du­şu­şyk­lar hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze ugur­la­ry­ny kes­git­le­mä­ge iter­gi ber­ýär.
Iki­çäk du­şu­şyk ta­mam­la­nan­dan soň­ra, iki ýur­duň we­ki­li­ýet ag­za­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­ta­ny Rus­tam Min­ni­ha­no­wyň ara­syn­da res­mi du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Du­şu­şy­gyň öňü­sy­ra­syn­da we­ki­li­ýet ýol­baş­çy­la­ry Döw­let baý­dak­la­ry­nyň öňün­de ýa­dy­gär­lik su­ra­ta düş­dü­ler.
Rus­tam Min­ni­ha­now ça­ky­ly­gy ka­bul eden­di­gi üçin be­lent mer­te­be­li myh­ma­na ýe­ne bir ge­zek ho­şal­lyk bil­di­rip, Ta­ta­rys­tan­da Gahryman Arkadagymyzyň şu ge­zek­ki sa­pa­ry­na dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň mi­ze­mez­li­gi­niň we stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­na öw­rül­ýän äh­mi­ýet­li wa­ka hök­mün­de ga­ral­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Şeý­le-de ol türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri ta­ra­pyn­dan bin­ýa­dy goý­lup, hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň iki hal­kyň bäh­bi­di­ne ta­gal­la­la­ry ut­gaş­dyr­mak üçin yg­ty­bar­ly bin­ýat bo­lup hyz­mat ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di hem-de pur­sat­dan peý­da­la­nyp, döwlet Baştutanymyza mä­hir­li sa­la­my­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di. Rus­tam Min­ni­ha­now Türk­me­nis­ta­nyň äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek bo­ýun­ça öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­ne ün­si çek­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ça­ky­lyk we myh­man­sö­ýer­lik üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, Ka­zan­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra fo­rum­la­ra gat­naş­ma­gyň türk­men ta­ra­py üçin asyl­ly dä­be öw­rü­len­di­gi­ni, Ta­ta­rys­ta­nyň paý­tag­ty­nyň bol­sa he­mi­şe aý­ra­tyn hor­mat we ýü­rek­deş­lik bi­len gar­şy­la­ýan­dy­gy­ny bel­le­di hem-de pur­sat­dan peý­da­la­nyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Rus­tam Min­ni­ha­no­wa ibe­ren mä­hir­li sa­la­my­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy «Rus­si­ýa – Ys­lam dün­ýä­si: Ka­zan­Fo­rum – 2026» XVII hal­ka­ra yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň Ta­ta­rys­ta­nyň bar­ha art­ýan hal­ka­ra ab­ra­ýy­na şa­ýat­lyk ed­ýän­di­gi­ni aýt­dy hem-de Ka­za­nyň şu ýyl­da «Ys­lam dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li Rus­tam Min­ni­ha­no­wy we Ta­ta­rys­ta­nyň hal­ky­ny tüýs ýü­rek­den gut­lap, bu fo­ru­myň üs­tün­lik­li geç­me­gi­ni ar­zuw et­di. Milli Liderimiz ýur­du­my­zyň we­ki­li­ýe­ti­niň şu ge­zek­ki sa­pa­ry­nyň Türk­me­nis­tan bi­len Rus­si­ýa­nyň ara­syn­da­ky stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm bö­le­gi bo­lan iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge uly go­şant goş­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.
RF-niň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­ta­ny Türk­me­nis­ta­nyň şeý­le fo­rum­la­ra iş­jeň gat­naş­ýan­dy­gy­ny, däp bol­şy ýa­ly, ýur­du­my­zyň no­bat­da­ky fo­ru­ma mil­li pa­wil­ýo­ny bi­len gat­naş­ma­gy­nyň hem mu­ňa aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da iki hal­kyň do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň kö­pa­syr­lyk däp­le­re, ru­hy-me­de­ni umu­my­ly­ga, öza­ra hor­mat goý­ma­ga esas­lan­ýan­dy­gy, ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki yzy­gi­der­li du­şu­şyk­la­ryň ul­gam­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň bin­ýa­dy bo­lup dur­ýan­dy­gy bel­le­nil­di.
Şeý­le hem san­ly­laş­dyr­mak, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar ul­gam­la­ryn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi uly ugur­la­ry­na aý­ra­tyn üns be­ril­di. Gahryman Arkadagymyz Rus­si­ýa­nyň IT mer­ke­zi hök­mün­de Ta­ta­rys­ta­nyň tej­ri­be­si­ne ýur­du­myz­da uly gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän­di­gi­ni we teh­no­park­lar, yk­dy­sa­dy­ýe­te san­ly çöz­güt­le­ri or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça ýo­la goý­lan hyz­mat­daş­ly­ga ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, ne­bit­gaz, se­na­gat, ulag-lo­gis­ti­ka ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­lyk üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýär. Aş­ga­ba­dyň hem-de Ka­za­nyň ara­syn­da­ky yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryl­ýan ho­wa gat­naw­la­ry işe­wür­lik we yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­ýän mö­hüm şert hök­mün­de gör­ke­zil­di. Yn­san­per­wer ul­gam öza­ra gat­na­şyk­la­ryň aý­ryl­maz bö­le­gi bol­ma­gyn­da gal­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Ta­ta­rys­ta­nyň öň­de­ba­ry­jy ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de türk­men ta­lyp­la­ry­nyň müň­ler­çe­si bi­lim al­ýar.
Mil­li Li­de­ri­miz bi­lim eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da­ky gö­ni gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny nyg­tap, «Ta­tar gy­zy – 2026» bäs­le­şi­gi­niň jem­leý­ji tap­gy­ry­ny Aş­ga­bat­da ge­çir­me­giň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­ta­ny iki­ta­rap­la­ýyn me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gyň äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bu tek­li­bi­ni gol­da­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri hem-de Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­ta­ny şu ge­zek­ki sa­pa­ryň Türk­me­nis­tan bi­len Rus­si­ýa­nyň ara­syn­da­ky stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga uly go­şant goş­jak­dy­gy­na ynam bil­di­rip, iki ýur­duň do­gan­lyk halk­la­ry­na pa­ra­hat­çy­lyk we ro­waç­lyk ar­zuw et­di­ler.