Kristiano Ronaldo täze striming platformasyna maýa goýdy

2

Dünýä belli futbolçy Kristiano Ronaldo 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda «LiveModeTV» striming platformasynyň paýdaryna öwrüldi. Sanly media ulgamyndaky bu täze maýa goýum arkaly futbol janköýerleri dünýä çempionatynyň 34 duşuşygyny, şol sanda Portugaliýanyň ýygyndysynyň ähli oýunlaryny «YouTube» arkaly mugt we göni ýaýlymda tomaşa edip bilerler. Ronaldo bu hyzmatdaşlygyň sport ýaryşlaryna bolan gyzyklanmany güýçlendirmekde we sport mazmunynyň (kontentiniň) giň köpçülige elýeterliligini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

«CR7» brendini diňe bir futbol bilen çäklendirmän, eýsem ony dünýä derejesindäki işewürlik imperiýasyna öwürmegi maksat edinýän ilkinji milliarder futbolçy soňky ýyllarda telekeçilik äleminde uly üstünlikler gazanýar. Onuň işewürlik portfelinde «Medialivre» media topary, «Pestana» myhmanhanalar ulgamy, «Perplexity» emeli aň taslamasy we «Vista Alegre» farfor kärhanasy ýaly dürli pudaklardaky iri maýa goýumlary bar. Bu gezekki täze taslama dünýäniň iň iri sport wakasynyň başlamagyna bir aýdan az wagt galanda yglan edildi we ol janköýerlere innowasion hyzmatlary hödürlemäge gönükdirilendir.