Mälim bolşy ýaly, daşary ýurt dillerini öwrenmek, öwretmek ýurdumyzda alnyp barylýan dil syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ösen jemgyýetimizde daşary ýurt dillerini bilmek durmuş zerurlygyna öwrüldi. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary hem türkmen diliniň hem-de daşary ýurt dilleriniň inçe syrlaryny kämil özleşdirýärler. Häzirki döwürde talyplaryň arasynda köpdillilik düşünjesi barha ýaýbaňlanýar. Bu ýokary okuw mekdebinde talyplaryň hünär hökmünde saýlap alan daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmegi, sözleýiş endiklerini we başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirmegi üçin okadylyşyň, dil öwretmegiň dürli tärlerinden peýdalanylýar. Okuw işlerinde milli mazmunly nusgawy usullar bilen birlikde, dünýä tejribesiniň gazananlaryndan hem netijeli peýdalanylýar.
Institutda talyplaryň hünär taýýarlygy boýunça ukyp-başarnyklaryny artdyrmak, zehinlerini ýüze çykarmak meselesine aýratyn üns berilýär. Bu babatda öwrenilýän dilleriň hepdelikleriniň geçirilip durulmagy uly ähmiýete eýe bolýar. Bu hili guralýan çärelerde bir hepdäniň dowamynda şol diliň gepleşilýän ýurduna gaýybana syýahat edilýär. Dil hepdeliklerinde hünär dilinde sahnalaşdyrylan oýunlaryň görkezilmegi, çeper okaýyş, suhangöýlük, terjimeçilik, hatdatlyk, erkin temadan düzme ýazmak boýunça zehin bäsleşikleriniň guralmagy, dili öwrenilýän ýurtlaryň medeniýeti we sungaty, halklaryň däp-dessurlary, tagamlary bilen tanyşdyrylmagy, açyk hem-de göreldeli okuw sapaklarynyň geçirilmegi örän täsirli bolýar.
Ýakynda geçirilen şeýle dil hepdelikleriniň biri türk diline bagyşlandy. Doganlyk halkyň dilini öwrenýän talyplar hepdäniň dowamynda özleriniň zehin başarnyklaryny görkezdiler. «Dil bilen dünýäni gezer» diýen şygar astynda geçirilen dil hepdeliginde «Gadymy sözler – müdimi sözler», «Söz manysyny aňar bolsaň…» diýen temalardan geçirilen baýramçylyk söhbetdeşlikleri oňa gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Mälim bolşy ýaly, türkmen we türk dilleriniň taryhy köki birdir, ruhy gymmatlyklary umumydyr. Şu nukdaýnazardan, gadymy oguz diliniň ulanyşdan galan köp sözlerini türkmen dilinden ýa-da türk dilinden tapmak mümkin. Muňa gut, saw, kok, üýn, deňiz, guzaý (kuzeý), degil, temmel, orman, çimen, çörek ýaly ençeme sözleri mysal getirmek mümkindir.
Türk dili hepdeliginiň jemleýji dabarasynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler barada wideoşekilli çykyşlar guraldy. Ýunus Emräniň, Garajaoglanyň, Magtymguly Pyragynyň goşgulary, Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň eserlerinden parçalar hünär dilinde okaldy, türk aýdymlary ýaňlandy, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi, türk halkynyň toý däpleri we tagamlary bilen tanyşdyryldy.
Enara SÄDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
PDF









