Dünýä Kubogy 2026-a saýlama tapgyrynda ýeke oýunda-da ýeňiş gazanman, pleý-off tapgyryndaky ýeňişleri bilen çykan Şwesiýanyň ýygyndysynyň düzümi belli boldy. Angliýaly tälimçi Grem Potter 26 futbolçydan ybarat gutarnykly düzüme Isak, Gýokereş, Elanga ýaly “Premier Ligada” oýnaýan ýyldyz futbolçylary hem çagyrdy. Potter topara ozal milli ýygyndyda telim gezek meýdança çykan Emil Kraft, ýaş oýunçy Hugo Larsson, tejribeli Emil Forsberg, Anton Saletros, “Barselonanyň” ýaş hüjümçisi Runi Bardgjini almady.
Şwesiýanyň ýygyndysy “F” toparçada Niderlandlaryň, Ýaponiýanyň hem-de Tunisiň ýygyndylary bilen duşuşar.
DERWEZEÇILER Kristoffer Nordfeldt (AIK) Wiktor Ýohansson (Stok Siti) Ýakob Widell Zetterström (Derbi Kaunti) GORAGÇYLAR Wiktor Lindelöf (Aston Willa) Isak Hein (Atalanta) Gabriel Gudmundsson (Lids Ýunaýted) Karl Starfelt (Selta) Emil Holm (Ýuwentus) Hýalmar Ekdal (Börnli) Daniel Swensson (Borussiýa Dortmund) Gustaf Lagerbielke (Braga) Erik Smit (Sankt-Pauli) Elliot Stroud (Mýallbi) ÝARYMGORAGÇYLAR Mattias Swanberg (Wolfsburg) Ýesper Karlström (Udineze) Ýasin Aýari (Braýton) Lukas Bergwall (Tottenham) Besfort Zeneli (Ýunion Sent-Žilluaz) HÜJÜMÇILER Aleksander Isak (Liwerpul) Wiktor Gýokereş (Arsenal) Ken Sema (Pafos) Antoni Elanga (Nýukasl) Benýamin Nigren (Seltik) Aleksander Bernhardsson (Holştaýn Kiel) Gustaf Nilsson (Klub Brýugge) Taha Ali (Malmö)
PDF









