ABŞ-nyň Şaýylyk zikgehanasy “Apple” kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we öňki ýolbaşçysy Stiw Jobsuň hatyrasyna nominaly 1 dollar bolan ýadygärlik şaýylygyny ykardy. Bu barada TASS habarlar gullugy habar berýär. Täze şaýylygyň ýüz tarapynda “Amerikanyň Birleşen Ştatlary”, “Kaliforniýa”, “Stiw Jobs” diýen ýazgylar we onuň “Ajaýyp bir zat döret“ diýen şygary ýerleşdirildi.
Fewral aýynda Kaliforniýanyň häkimi Gewin Nýusom tarapyndan öňe sürlen bu başlangyç dünýäniň tehnologiýa we kinematografiýa pudaklaryna ägirt uly goşant goşan şahsyýeti ebedileşdirmäge gönükdirilendir. Kaliforniýanyň häkiminiň belläp geçişi ýaly, Jobs ştatyň innowasion ösüşiniň nyşany bolup durýar. Ol diňe bir dünýäde ilkinji doly göwrümli kompýuter animasiýa filmi bolan “Oýunjaklaryň taryhy” kinosyny döreden “Pixar Animation Studios“ studiýasyny däl, eýsem, “Apple II”, “Macintosh”, “iPod”, “iPhone” we “iPad” ýaly rewolýusion önümleri dünýä tanadan kompaniýalary kemala getirdi. Şeýle-de, “Apple“ kompaniýasynyň esaslandyryjysy gündelik durmuşda we geýimde sypaýylygy hem-de ýönekeýligi saklamagy bilen tapawutlandy. Onuň meşhur gara switeri, gök jinsi balagy we krossowkasy häzirki wagtda üstünlikli adamlaryň özboluşly nusgawy stili hökmünde kabul edilýär.
PDF









