Yragyň täze Premýer-ministri kasam kabul etdi

2

Yragyň täze Premýer-ministri Ali az-Zeýdi we onuň kabinetiniň tassyklanan agzalary parlamentde Konstitusiýa wepalylyk kasamyny kabul etdiler. Hökümet Baştutanynyň hödürlän Ministrler Kabinetiniň düzümi parlamentariler tarapyndan doly tassyklanmady. Kanun çykaryjylaryň arasynda birnäçe esasy wezipeler, şol sanda içeri işler we goranmak ministrleriniň wezipeleri boýunça gutarnykly ylalaşyk gazanylmady. Şol sebäpli galan ugurlar boýunça ses berlişik durnukly syýasy gepleşikleriň dowam etdirilmegi üçin yza süýşürildi.
Parlamentiň Spikeri Hejbat al-Halbusiniň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlisde deputatlaryň 266-synyň goldamagynda hökümet düzüminiň 14 agzasy ynam sesine eýe boldy. Tassyklanan täze düzümde ozalky Daşary işler ministri Fuad Huseýn öz wezipesini saklap galdy. Şeýle hem Basim Mohammed Hudaýr nebit ministri, Faleh as-Sari bolsa maliýe ministri wezipelerine bellendi.