Taryhynda ilkinji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşýan Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň düzümi belli boldy. Maşgala ýagdaýy sebäpli milli ýygyndynyň tälimçiligini wagtlaýynça bes edip, täzeden dolanan meşhur niderland hünärmeni Dik Adwokatyň çagyran 26 futbolsy-da başga çempionatlarda çykyş edýän oýunçylardyr. Çempionatyň iň goja tälimçisi boljak Adwokaty täzeden öňki işine getirmek kýurasaolylara ýeňil düşmedi.
Çagyrylan futbolçylaryň köpüsi niderland klublarynda oýnaýan oýunçylar bolup, Kýurasao ozallar Niderlandlar Antilleri diýlip atlandyrylýardy.
Dünýä Kubogyna gatnaşjak iň az ilatly ýurt hökmünde hasaba alnan Kýurasaonyň ýygyndysy “E” toparçada Ekwadoryň, Germaniýanyň hem-de Kot-d’Iwuaryň ýygyndylary bilen duşuşar.
DERWEZEÇILER Eloý Rom (Maýami FK) Trewor Doornbuş (WWW-Wenlo) Taýrik Bodak (Telstar) GORAGÇYLAR Ýurien Gaari (Abha, Saud Arabystany) Roşon Wan Eiýma (Walweýk) Şerel Floranus (PEK Zwolle) Joşua Brenet (Kaýserispor) Şurandi Sambo (Sparta Rotterdam) Armando Obispo (PSW) Rieçedli Bazur (Konýaspor) Deweron Fonwille (NEK Niýmegen) ÝARYMGORAGÇYLAR Leandro Bakuna (Igdyr, Türkiýe) Juninio Bakuna (Wolendam) Godfrid Romerato (Walweýk) Kewin Felida (Den Bosh) Liwano Komenansia (Sürih) Arýani Marta (Roterham Ýunaýted) Taýris Noslin (Telstar) HÜJÜMÇILER Kenži Gorre (Makkabi Haýfa) Brandli Kuwas (Wolendam) Gerwane Kastaneer (Terengganu, Malaýziýa) Jeremi Antonisse (Kifisiýa, Gresiýa) Jearl Margarita (Beweren) Ýurgen Lokadia (Maýami FK) Sontýe Hansen (Middlsbro) Tahit Çong (Şeffild Ýunaýted)
PDF









