Dünýäniň iň beýik nokady bolan Ewerest dagyna çykmak üçin bahar möwsümi açyldy hem-de daga dyrmaşyjylaryň geçjek ýoly resmi taýdan tassyklandy. Bu barada daga çykmagy guraýan «Seven Summit Treks» kompaniýasy habar berdi. Bellenilişi ýaly, şerpalardan emele gelen topar dagyň depesine çenli baryp, gerekli ýüpleri düşäp, geçiljek ugry kesgitläpdirler. Ewerestiň esasy düşelgesinden çür depä çenli barýan ýoluň resmi taýdan açylandygy hem mälim edildi.
Nepalyň Syýahatçylyk ministrligi bu ýyl 425 daşary ýurtla Ewereste çykmaga rugsat berlendigini mälim etdi. Müňden gowrak şerpa bolsa olara ýolbeletlik eder. Adatça, daga çykmagyň bahar möwsümi aprel-maý aýlarynda 1,5 aý töweregi bolýar. Emma bu ýyl ýoluň ugrundaky buzluklaryň biriniň döwülmegi sebäpli bu möwsüm yza süýşürildi.
Daga dyrmaşyjylar ýoluň ugrunda gurlan çadyrlarda düşläp geçýärler. Dagyň 5 müň 400 metr belentliginde esasy düşelge bar. Ondan aňyrda bolsa, ýene-de 4 sany düşelge bar. Daga dyrmaşyjylar esasy düşelgeden geçensoň, ilki bilen Humbu buzlugyndan geçmeli bolýarlar. Ondan soňra Günbatar sirki atly giň we tekiz jülge bar. Esasy düşelgeden ýokardaky birinji düşelge 6 müň 100, 2-nji düşelge 6 müň 400 metr belentlikde şol jülgede ýerleşýär. Ondan soňra daga dyrmaşyjylar 7 müň 400 metr belentlikde Lhotze dagy görünýän 3-nji düşelgä hem-de 8 müň metr belentlikdäki Günorta gerişdäki 4-nji düşelgä barýarlar.
Aýjahan Allanazarowa,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymy.
PDF









