Bitiren hyzmatlary üçin Ýewropa ordeni gowşuryldy

3

Fransiýanyň Strasburg şäherinde ýerleşýän Ýewropa parlamentiniň binasynda «Bitiren hyzmatlary üçin Ýewropa ordeni» bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýewropa parlamentiniň Başlygy Roberta Metsolanyň gatnaşmagynda geçirilen dabarada Germaniýanyň öňki federal Kansleri Angela Merkel we Polşanyň öňki Prezidenti Leh Walensa ýaly sebitiň syýasy durmuşynda öçmejek yz galdyran meşhur döwlet işgärlerine, şeýle hem Moldowanyň Prezidenti Maýa Sandu we ukrainaly hukuk goraýjy Aleksandra Matwiýçuga abraýly sylaglar gowşuryldy. Geçen ýyl Şumanyň Jarnamasynyň 75 ýyllygy mynasybetli döredilen bu orden Ýewropanyň bitewüligini we durnukly ösüşini üpjün etmekde aýratyn edermenlik hem-de göreldeli işleri görkezen görnükli şahsyýetlere berilýär.
Bu ýylky dabaraly çärä jemi sylaga mynasyp bolan 20 laureatyň 13-si gatnaşyp, olaryň çykyşlarynda Ýewropa Bileleşiginiň taryhy ösüş ýoly, gazanylan üstünlikler we sebitiň häzirki zaman syýasy-ykdysady ýagdaýlary barada giňişleýin seljermeler we çykyşlar edildi. Dabaranyň barşynda çykyş eden Angela Merkel sebitde parahatçylygy, ykdysady rowaçlygy hem-de demokratik gymmatlyklary durnukly saklamagyň möhümdigine we bu ugurdaky wezipelere aýratyn ünsi çekdi. Çärede Ýewropa Bileleşiginiň öňki ýokary wezipeli resmileri tarapyndan sebitara hyzmatdaşlygyň taryhy ähmiýeti barada hem bellenilip geçildi. Ýewropa Bileleşiginiň agza döwletleriniň hökümetleri tarapyndan hödürlenýän bu orden geljekde hem yklymyň agzybirligine we integrasiýa amallaryna saldamly goşant goşjak täze şahsyýetleri höweslendirmegi maksat edinýär.