Bagtyýar durmuşyň kepili

1

Ata Wa­ta­ny­myz­da soň­ky ýyl­lar­da sag­lyk ul­ga­my­nyň gün­sa­ýyn kä­mil­leş­ýän­di­gi ra­ýat­la­ry­myz­da çuň­ňur buý­sanç dö­red­ýär. Ulan­ma­ga be­ril­ýän en­çe­me tä­ze bi­na­la­ryň ara­syn­da sag­lyk öý­le­ri, has­sa­ha­na­lar, ulu­ly-ki­çi­li sport des­ga­la­ry bar. Bu­la­ryň äh­li­si «Sag­lyk» döw­let mak­sat­na­ma­syn­dan göz­baş al­ýar.
Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da adam ha­kyn­da­ky ala­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň iň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gyç­la­ry we hormatly Prezidentimiziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my kä­mil­leş­di­ri­lip, dün­ýä de­re­je­si­ne çy­ka­ryl­dy. Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da we we­la­ýat mer­kez­le­ri­n­de döw­re­bap has­sa­ha­na­lar, ýö­ri­te­leş­di­ri­len yl­my-kli­ni­ki mer­kez­lerdir şy­pa­ha­na­lar gur­lup, hal­ky­my­zyň hyz­ma­ty­na be­ril­ýär. Döwlet Baştutanymyzyň yzy­gi­der­li gol­da­wy bi­len ýur­du­my­zyň luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry dün­ýä­niň iň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry bi­len üp­jün edil­di. Bu bol­sa ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da, anyk­la­mak­da we be­jer­mek­de hal­ka­ra stan­dart­la­ry­na do­ly la­ýyk gel­ýän, ýo­ka­ry hil­li hyz­mat­la­ry ýo­la goý­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di.
«Sag­lyk» döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de hal­kyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek­de, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek­de ägirt uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň baý te­bi­ga­ty der­man­lyk ösüm­lik­ler­den peý­da­lan­ma­ga uly müm­kin­çi­lik ber­ýär. Di­ýa­ry­myz­da ýo­ka­ry hil­li der­man se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­ýän der­man se­na­ga­ty­nyň ös­dü­ril­me­gin­de bu te­bi­gy baý­lyk­lar­dan peý­da­la­nyl­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jilt­li yl­my-en­sik­lo­pe­dik ki­ta­by bu ugur­da iş­le­ýän hü­när­men­ler we tu­tuş hal­ky­myz üçin gym­mat­ly gol­lan­ma bol­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi, aý­ra­tyn-da Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan ýo­ka­ry ba­ha eýe bol­ýar. Ýo­kanç ke­sel­le­riň bir­nä­çe­si­niň ýur­du­myz­da do­ly ýok edil­me­gi, ça­ga­nyň we enä­niň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gö­ter­ýär. Şeý­le hem ýur­du­myz­da yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra luk­man­çy­lyk mas­la­hat­la­ry we ser­gi­le­ri da­şa­ry ýurt­ly hünärmen­ler bi­len tej­ri­be alyş­mak­da mö­hüm meý­dan­ça öw­rül­di. Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­lar gel­jek­de-de üs­tün­lik­li do­wam et­di­ri­ler.
Diýarymy­zy sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň me­ka­ny­na öw­ren, hal­ky­my­za dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ryn­dan peý­da­lan­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak, tu­tum­ly iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun!

Agabeg Annaýewa,
Türkmen döwlet bedenterbiye we sport institutynyň sportuň mediki-biologiki üpjünçiligi kafedrasynyň mugallymy.