Zyýanly endiklerden daşda duruň!

1

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak döw­le­ti­mi­ziň baş we­zi­pe­si bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz­da bu ugur­da ne­ti­je­li iş­ler yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şo­la­ryň bi­ri hem tem­mä­ki önüm­le­ri­ne gar­şy gö­reş çä­re­si­dir.
Her ýy­lyň 31-nji ma­ýyn­da ýur­du­myz­da Bü­tin­dün­ýä tem­mä­ki önüm­le­ri­ne gar­şy gö­reş gü­nü­niň bel­le­ni­lip ge­çil­me­gi tö­tän­den däl­dir. Tem­mä­ki tüs­se­si öý­ke­ne, dem alyş ýol­la­ry­na, ýü­re­ge, gan-da­mar ul­ga­my­na ze­per ýe­tir­ýär. Tem­mä­ki önü­mi­niň köp ula­nyl­ma­gy dem­gys­ma ke­se­li­ne, tä­ze dö­re­me­le­re ge­tir­mek äh­ti­mal­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ýar. Tem­mä­ki­niň dü­zü­min­de bir­nä­çe zy­ýan­ly mad­da­la­ryň bol­ma­gy tem­mä­ki ulan­ýan­la­ryň sag­ly­gy üçin ju­da howp­lu­dyr. Şo­nuň üçin hem bi­ler­men­ler ni­ko­ti­ne «nerw zä­he­ri» diý­ýär­ler.
Tem­mä­ki önü­mi bo­lan çi­li­miň adam be­de­ni­ne, sag­ly­gy­na ýe­tir­ýän zy­ýa­ny has ulu­dyr. Tem­mä­ki tüs­se­sin­de dür­li hi­mi­ki mad­da­lar (ag­la­ba­sy zä­her­li) bo­lup, olar adam be­de­ni­ni hem iç­den, hem-de daş­dan zä­her­le­ýär­ler. Ola­ryň adam be­de­ni­ne daş­ky tä­si­ri diş­le­riň sa­ral­ma­gy we ow­ra­nyp dö­kül­me­gi, do­dak­la­ryň jaý­ryl­ma­gy, en­da­myň de­ri­si­niň sol­gun reňk­de bol­ma­gy, sa­çyň öz öwüş­gi­ni­ni ýi­tir­me­gi, dyr­nak­la­ryň dö­wül­me­gi bi­len bag­ly­dyr. Bu gör­nüş­ler en­da­myn­dan, sa­çyn­dan, eşik­le­rin­den gel­ýän ys bi­len ut­ga­şyp, tem­mä­ki ulan­ýan­la­ra ýig­renç dö­red­ýär. Yzy­gi­der­li ula­ny­lan­da tem­mä­ki­niň iç­den ed­ýän tä­si­ri adam be­de­nin­de, do­dak­lar­da, agyz boş­lu­gyn­da ýa­ra­la­ryň dö­re­me­gi­ne, iý­mit siň­di­riş ul­ga­my­nyň, mad­da­la­ryň alyş-çal­şy­nyň bo­zul­ma­gy­na, bronh­la­ryň, böw­regiň, bag­ryň, öý­keniň, gy­zy­lö­de­giň nä­saz­lyk­la­ry­na we be­den­de howp­ly çiş­le­riň dö­re­me­gi­ne ge­ti­rip bil­ýär. Ýur­du­myz­da çi­li­miň, na­syň yn­san sag­ly­gy­na zy­ýan­ly­dy­gy ba­ra­da­ wa­gyz-ne­si­hat çä­re­le­ri giň ge­rim­de ýaý­baň­lan­ýar.
Hal­ky­my­zyň sag­dyn dur­mu­şy ug­run­da ta­gal­la­ ed­ýän hormatly Prezidentimiziň ja­ny sag, öm­ri uzak, belent ba­şy aman bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li, döw­let äh­mi­ýet­li iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Aýna Çaryýewa,
Aşgabat şäheriniň 9-njy Saglyk öýüniň bölüm müdiri.