Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ilatyň saglygyny goramak döwletimiziň baş wezipesi bolup durýar. Ýurdumyzda bu ugurda netijeli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şolaryň biri hem temmäki önümlerine garşy göreş çäresidir.
Her ýylyň 31-nji maýynda ýurdumyzda Bütindünýä temmäki önümlerine garşy göreş gününiň bellenilip geçilmegi tötänden däldir. Temmäki tüssesi öýkene, dem alyş ýollaryna, ýürege, gan-damar ulgamyna zeper ýetirýär. Temmäki önüminiň köp ulanylmagy demgysma keseline, täze döremelere getirmek ähtimallygyny ýokarlandyrýar. Temmäkiniň düzüminde birnäçe zyýanly maddalaryň bolmagy temmäki ulanýanlaryň saglygy üçin juda howpludyr. Şonuň üçin hem bilermenler nikotine «nerw zäheri» diýýärler.
Temmäki önümi bolan çilimiň adam bedenine, saglygyna ýetirýän zyýany has uludyr. Temmäki tüssesinde dürli himiki maddalar (aglabasy zäherli) bolup, olar adam bedenini hem içden, hem-de daşdan zäherleýärler. Olaryň adam bedenine daşky täsiri dişleriň saralmagy we owranyp dökülmegi, dodaklaryň jaýrylmagy, endamyň derisiniň solgun reňkde bolmagy, saçyň öz öwüşginini ýitirmegi, dyrnaklaryň döwülmegi bilen baglydyr. Bu görnüşler endamyndan, saçyndan, eşiklerinden gelýän ys bilen utgaşyp, temmäki ulanýanlara ýigrenç döredýär. Yzygiderli ulanylanda temmäkiniň içden edýän täsiri adam bedeninde, dodaklarda, agyz boşlugynda ýaralaryň döremegine, iýmit siňdiriş ulgamynyň, maddalaryň alyş-çalşynyň bozulmagyna, bronhlaryň, böwregiň, bagryň, öýkeniň, gyzylödegiň näsazlyklaryna we bedende howply çişleriň döremegine getirip bilýär. Ýurdumyzda çilimiň, nasyň ynsan saglygyna zyýanlydygy barada wagyz-nesihat çäreleri giň gerimde ýaýbaňlanýar.
Halkymyzyň sagdyn durmuşy ugrunda tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!
Aýna Çaryýewa,
Aşgabat şäheriniň 9-njy Saglyk öýüniň bölüm müdiri.
PDF









