Uly Kan­ýon – ga­ýa­la­ryň saz­la­şy­gy

1

Dün­ýä­niň haý­ran gal­dy­ry­jy we meş­hur te­bi­gy tä­sin­lik­le­ri­niň bi­ri bo­lan Uly Kan­ýon (Grand Canyon) Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Ari­zo­na şta­tyn­da ýer­leş­ýär. Tak­my­nan, 5-6 mil­li­on ýyl mun­dan ozal Ko­lo­ra­do der­ýa­sy­nyň güýç­li aky­my­nyň dag we daş gat­lak­la­ry­na tä­sir et­me­gi ne­ti­je­sin­de aý­law­ly jül­ge eme­le ge­lip­dir. Uly Kan­ýo­na se­re­de­niň­de, owa­dan reňk saz­la­şy­gy bo­lan eg­rem-bug­ram gat­lak­la­ry gör­mek bol­ýar. Uzyn­ly­gy, tak­my­nan, 446 ki­lo­met­re, giň­li­gi 800 metr­den 29 ki­lo­met­re we çuň­lu­gy 1800 met­re ýet­ýän bu jül­ge­de ösüm­lik­le­riň müň­ler­çe gör­nü­şi ös­ýär. 600-den gowrak jan­ly-jan­da­ryň we köp san­ly guş­la­ryň ýa­şa­ýan ýe­ri ha­sap­lan­ýan mil­li se­ýil­gäh­de Ka­li­for­ni­ýa kon­do­ry­na (kel­le­si ýa­la­ňaç ýyr­ty­jy guş) we gül­gün ýy­la­na (en­de­mik süý­re­ni­ji) hem duş gel­mek bol­ýar.
1540-njy ýyl­da is­pan sy­ýa­hat­çy­sy Gar­si­ýa Lo­pes de Kar­de­nas Uly Kan­ýo­nyň üs­tün­den bar­ýar we köp­çü­li­ge mä­lim ed­ýär. Te­bi­ga­tyň iň owa­dan we tä­sin sun­gat eser­le­ri­niň bi­ri bo­lan Uly Kan­ýon­da müň­den gow­rak go­wa­gyň bar­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da bu go­wak­la­ryň 335-si öw­re­nil­di. Älem­go­şar reňk­li jül­ge­ler, dik dag eň­ňit­le­ri we ga­ýa gat­lak­la­ry bi­len gö­ren­le­ri haý­ran ed­ýän Uly Kan­ýo­na üç sa­ny çöl bir­leş­ýär.
Her ýyl dün­ýä­niň çar kün­je­gin­den Uly Kan­ýo­ny gör­mä­ge 6 mil­li­on­dan gow­rak sy­ýa­hat­çy bar­ýar. Bu ýer­de gü­nor­ta we de­mir­ga­zyk ugur­lar bo­ýun­ça sy­ýa­hat­çy­lyk çä­re­le­ri hö­dür­le­nip, der­ýa­da ga­ýyk­ly ge­ze­lenç et­mek, jül­gä­niň için­de ga­tyr­ly aý­lan­mak we di­ku­çar ar­ka­ly ýo­kar­dan syn­la­mak ýa­ly güý­men­je­ler hem bar. Uly Kan­ýon­da­ky iň tol­gun­dy­ry­jy baş­dan­ge­çir­me aşa­gy aý­na bi­len ör­tü­len aýlawly As­man ýo­ly (Sky­walk) ha­sap­lan­ýar. Uly Kan­ýon­da hä­zir­ki wagt­da hem ero­zi­ýa ha­dy­sa­sy, ýag­ny jül­gä­niň dur­ku­ny üýt­get­mek ýag­da­ýy do­wam ed­ýär.