Dog­lan gü­nüň bi­len!..

1

(Aý­dy­myň gy­zyk­ly ta­ry­hy)

«Dog­lan gü­nüň bi­len!» aý­dy­my as­lyn­da, dog­lan gün üçin ýa­zyl­man­dyr. Dog­lan gün da­ba­ra­la­ry­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lan «Dog­lan gü­nüň bi­len!» (Hap­py Birth­day to You) aý­dy­my ça­ga­lar ba­gyn­da ter­bi­ýe­len­ýän kör­pe­je­le­riň gü­nü­ni şa­dy­ýan baş­la­ma­gy üçin dü­zü­lip­dir. XIX asy­ryň ahy­ryn­da ça­ga­la­ra «Ha­ýyr­ly er­tir!» diý­mek üçin dö­re­di­len meş­hur aý­dym ýyl­la­ryň do­wa­myn­da üýt­ge­di­lip, dog­lan gün aý­dy­my­na öw­rülipdir.
«Bri­tan­nica» en­sik­lo­pe­di­ýa­syn­da be­ril­ýän mag­lu­mat­la­ra gö­rä, aý­dy­myň sa­zy 1893-nji ýyl­da ame­ri­kaly gyz do­gan­lar Pet­ti Smit Hill we Mild­red J.Hill ta­ra­pyn­dan çap edi­len «Hem­mä­ňi­ziň er­ti­ri­ňiz ha­ýyr­ly bol­sun!» at­ly aý­dym­dan ge­lip çyk­ýar. Bu aý­dy­myň he­ňi ça­ga­lar ba­gy­nyň gi­ňiş­li­gin­den çy­kyp, kör­pe­le­re ni­ýet­le­nen dür­li da­ba­ra­lar­da ýaň­la­nyp baş­lan­ýar. Az wagt­dan mu­gal­lym­la­ry gut­la­mak üçin aý­dy­lan aý­dym, soň­ra üýt­ge­di­len söz­ler bi­len beý­le­ki da­ba­ra­la­rda hem aý­dyl­ýar. XX asy­ryň ba­şyn­da çap edi­len nus­ga­lar­da bu aý­dym «Dog­lan gü­nüň bi­len!» di­ýen söz­ler bi­len peý­da bol­ýar. Bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­çe, bu öz­ge­riş­lik kom­po­zi­tor­la­ryň ýa-da şa­hyr­la­ryň ta­gal­la­sy bi­len däl-de, halk köp­çü­li­gi­niň ha­la­ma­gy bi­len te­bi­gy ýag­daý­da ýü­ze çy­kyp­dyr.

Bu aý­dym dün­ýä­de nä­dip çalt ýaý­ra­dy?
Ame­ri­kan me­de­ni­ýe­ti­niň tä­si­ri aý­dy­myň çalt ýaý­ra­ma­gyn­da mö­hüm or­ny eýe­läp­dir. Gol­li­wu­dyň film­le­rin­de, te­le­wi­de­ni­ýe gep­le­şik­le­rin­de we ma­ha­bat­lar­da «Dog­lan gü­nüň bi­len!» aý­dy­my­nyň ma­ha­ba­ty ýe­ti­ri­lip, Ýer ýü­zü­ne bel­li bol­ýar. Bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­çe, aý­dy­myň çalt ýaý­ra­ma­gy we meş­hur­ly­gy onuň gys­ga­ly­gyn­da, ýö­ne­keý we gaý­ta­lan­ýan söz­le­rin­de. Ça­ga­la­ryň aýt­ma­gy üçin aňsat bo­lan aý­dy­myň söz­le­ri­ni is­len­dik di­le hem ter­ji­me edip bol­ýar. Mäh­ri­ban ça­ga­lar, ge­liň on­da «Dog­lan gü­nüň bi­len!» aý­dy­my­ny bi­le­lik­de ýe­ri­ne ýe­ti­re­liň!