Fransiýanyň Kubogy ýaryşynda “Lans” topary ýeňiji boldy. Sen-Denidäki “Stade de France” stadionynda oýnalan finalda “Nissa” topary bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda “Lans” topary 3-1 hasabynda ýeňiş gazandy. “Lans” toparyna ýeňiş getiren gollary Florian Towen (25), Odson Edward (42) hem-de Abdallah Sima (78) geçirdi. “Nissa” toparynyň ýeke-täk goluny Jibril Kulibali (45+3) öz adyna ýazdyrdy.
Şeýlelikde, “Lans” topary taryhynda ilkinji gezek Fransiýanyň Kubogyna mynasyp boldy. Bu olaryň 4-nji finaly bolup, 1948-nji, 1975-nji hem-de 1998-nji ýyllarda ýeňlipdi. Çempionlygy PSŽ toparyna aldyran “Lans” täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşar.
Taryhynda 3 gezek – 1952-nji, 1954-nji hem-de 1997-nji ýyllarda bu kubogy gazanan “Nissa” topary bolsa 3-nji sapar finalda ýeňlişe sezewar boldy.
PDF









