24-nji maýda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXV köpugurly halkara serginiň we maslahatyň çäklerinde resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Ýaponiýanyň «Muroosystems Corporation» kompaniýasynyň arasynda resminama; Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Singapur Respublikasynyň «Bitdeer Technologies Group» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Singapur Respublikasynyň «Mitsubishi Heavy Industries Asia Pacific, Pte. Ltd.», Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corporation Machinery Inc.» we Türkiýe Respublikasynyň «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýalarynyň arasynda «Garabogazkarbamid» zawody üçin bejeriş we tehniki hyzmat ediş boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek barada Ähtnama; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «Hong Kong Richie Sweet Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama; Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Inros Lackner SE» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «Shantui Construction Machinery Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «Sinotruk Hong Kong Capital Holding Limited» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
PDF









