Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar

1

22-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp düzmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny öz wagtynda işläp düzmek maksady bilen, Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň taslamasy taýýarlanyldy.
Geljek ýylda ýurdumyzyň makroykdysady ýagdaýyny, jemi içerki önümiň ösüş depginini, maliýe, pul-karz ulgamyny durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli ösdürmegi we giň gerimli özgertmeleri dowam etdirmek, maýa goýumlaryň esasy bölegini täze önümçiliklere gönükdirmek bilen, olaryň netijeliligini artdyrmak, pudaklara sanly ulgamy, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etdirmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda çäreleri durmuşa geçirmek maksat edinilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu işleri geljek ýylda hem dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda Karara gol çekdi we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmek babatda döredilen hukuk, ykdysady şertler hem-de oňyn maýa goýum gurşawy esasynda iri daşary ýurt kompaniýalary bilen nebitgaz pudagynda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Hususan-da, Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny özleşdirmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar we möhüm ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebitgaz ýataklarynyň özleşdirilmeginiň uglewodorod gorlaryny artdyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge ýardam berýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işleri dowam etdirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Wise-premýer ýetişdirilen bugdaýyň bol hasylyny gysga wagtda ýygnap almak maksady bilen, hormatly Prezidentimize ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda welaýatlarda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň, il içinde hormatlanylýan ýaşulularyň gatnaşmagynda galla oragyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda 3-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 10-njy iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi hem-de hormatly ýaşululardan galla oragyna «bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz zähmetsöýer gallaçy daýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda umumybilim berýän mekdepleri, çagalar bagyny we saglyk öýüni gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Bagyr” ýaşaýyş toplumynda 2 sany her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny hem-de saglyk öýüni gurmak boýunça degişli çäreler görülýär. Gurulmagy meýilleşdirilýän mekdeplerde we çagalar bagynda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli oňaýly şertler dörediler. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, guruljak saglyk öýüni häzirki zaman lukmançylyk serişdeleri we kämil enjamlar bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy, şol sanda Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda umumybilim berýän mekdepleri, çagalar bagyny we saglyk öýüni gurmak hakynda Karara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şanly sene mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisini hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Serginiň çäginde Türkmen halysynyň milli muzeýinde ýurdumyzda milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde uly hyzmatlary bitiren halyçy zenanlara «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» atly döwlet sylagyny dabaraly ýagdaýda gowşurmak göz öňünde tutulýar. Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisine birnäçe döwletden belli halyşynaslaryň, türkmen halysynyň muşdaklarynyň, alymlaryň hem-de ussat hünärmenleriň, halyçylyk bilen meşgullanýan wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle-de paýtagtymyzda «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly maslahatlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda halyçylyk sungatyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge uly üns berilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çärelere, haly önümleriniň sergisine hem-de türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisine gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa 2026-njy ýylyň iýun aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, iýun aýynyň dowamynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy, Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli çäreleriň, dabaralaryň, aýdym-sazly medeni çäreleriň, sergileriň, sport ýaryşlarynyň, bäsleşikleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Paýtagtymyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri, birnäçe halkara maslahatlar we olimpiadalar, sergiler geçiriler.
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlarynyň, «Talyp joşguny — 2026» atly döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyrynyň, Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli aýdym-sazly dabaraly çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Arkadag şäheriniň baýramçylyk meýdançasynda Arkadag şäheriniň 3 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy guralar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda şu ýylyň iýun aýynda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we olary ýokary derejede geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzda bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 3-nji iýunda paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramak göz öňünde tutulýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, Bütindünýä welosiped gününiň sagdyn we bagtyýar durmuşy giňden beýan edýän halkara sport baýramydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzda bu sene mynasybetli bedenterbiýe-sport çärelerini guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen täze Kararnama barada hasabat berdi.
Şu ýylyň 20-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen hödürlenen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimizi bu halkara ähmiýetli waka bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Bitarap Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek ugrunda edýän tagallalarynyň üstünlikli dowam etdirilýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz geljekde hem BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini belläp, mejlise gatnaşyjylaryň ählisini gelip gowşan hoş habar — möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu pudaga halkara ülňülere laýyk gelýän täze tehnikalar ornaşdyrylýar, ilatymyza ýokary hilli we medeniýetli hyzmat etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Ulanylýan ýolagçy wagonlarynda düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek, ilatymyza ýokary hilli hyzmat etmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolagçy wagonlaryny abatlamak boýunça taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.