Ýurdumyzda Gurban baýramy ýokary ruhubelentlikde bellener

1

Ertir ýurdumyzda esasy musulman baýramçylyklarynyň biri bolan Gurban baýramynyň ilkinji güni. Ol hijri-kamary ýyl hasaby boýunça Oraza aýy tamamlanandan soň 71-nji günde başlanýar. Şu sahawatly günlerde Mekgä we Medinä zyýarat edilýär.

Şu ýyl Gurban baý­ramy ma­ý aýynyň 27-28-29-yna bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň Per­ma­ny­na la­ýyk­lyk­da, şol gün­ler ýur­du­myz­da däp bo­ýun­ça iş gün­le­ri däl diý­lip yg­lan edil­di. Bu baý­ra­myň esa­sy yba­dat­la­ry baý­ram na­ma­zy­ny oka­mak hem-de gur­ban­lyk çal­mak­dyr. Gur­ban­lyk kes­mek Gur­ban baý­ra­my­nyň bi­rin­ji gü­ni Baý­ram na­ma­zy oka­lan­dan soň baş­la­nyp, üçün­ji gü­nüň ag­şa­my­na çen­li do­wam edýär. Şeý­le-de gur­ban­lyk­da so­ýul­jak mal sag­dyn we se­miz bol­ma­ly­dyr. Düz­gün bo­ýun­ça gur­ban­lyk ma­lyň eti deň üç bö­le­ge bö­lün­me­li. Bu bö­lek­le­riň bi­ri gur­ban­lyk ber­ýä­niň maş­ga­la­sy­na, bir bö­le­gi do­gan-ga­ryn­da­şa, ga­lan bir böle­gi bol­sa gur­ban­lyk ke­sip bil­me­dik­le­re paý­lan­ma­ly.
Goý­ny we ge­çi­ni di­ňe bir ada­myň ady­na, dü­ýä­ni we syg­ry ýe­di ki­şä çen­li go­şu­ly­şyp ke­sip bol­ýar. Şol ýe­di ada­myň hem gur­ban­lyk et­mek ni­ýe­tin­de bol­ma­gy hök­man­dyr.
Ys­lam çeş­me­le­rin­de gur­ban­lyk ber­mek des­su­ry­nyň Ybraýym pygamberiň döwründen bä­ri ber­jaý edi­lip ge­lin­ýän­di­gi tassyklanýar. Gur­ban baý­ra­my Allanyň yn­san­la­ra nyg­mat eçi­len gü­ni ha­sap­la­nyp­dyr. Ata-ba­ba­la­ry­myz Gur­ban baý­ra­myn­da edi­len doga-di­legle­riň, ýü­re­ge düw­len päk ni­ýet­le­riň ha­syl bol­ýan­dy­gy­ny bel­läp­dir­ler. Bu baý­ra­myň öň ýa­nyn­da öý­ke-ki­ne­li adamlar ýa­ra­şyp­dyr­lar. Ýo­kar­da hem bel­läp ge­çi­şi­miz ýa­ly, gur­ban­lyk mal Gur­ban baý­ra­my­nyň bi­rin­ji, ikin­ji we üçün­ji gün­le­rin­de ke­silýär. Ýö­ne bi­rin­ji gün­de ke­sil­me­gi has so­gap­ly­dyr. Gur­ban kes­me­giň wag­ty Baý­ram na­ma­zy­nyň okal­ma­gyn­dan soňra­dyr.
Ýur­du­my­zyň zy­ýa­rat­çy­la­ry ys­lam dün­ýä­si­niň mu­kad­des ýer­le­ri ha­sap­lan­ýan Mek­ge we Me­di­ne şä­her­le­ri­ne haj parz­la­ry­ny ber­jaý et­mek üçin zy­ýa­ra­ta git­di­ler. Ýur­du­my­zyň äh­li ýe­rin­den bo­lan zy­ýa­rat­çy­lar mu­sul­man­la­ryň esasy baý­ram­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Gur­ban baý­ra­my­nyň sa­ha­wat­ly gün­le­rin­de dün­ýä ýurt­la­ryn­dan bar­ýan zy­ýa­rat­çy­laryň mil­li­on­lar­ça­sy bi­len bir ha­tar­da, haj par­zy­ny ýe­ri­ne ýe­ti­rer­ler. Me­di­ne­de zy­ýa­rat­çy­lar hez­re­ti Mu­ham­met pygam­be­riň, onuň egin­deş­le­ri­niň ruh­la­ry­nyň aram ta­pan ýer­le­ri­ne, met­jit­le­re we beý­le­ki mu­kad­des ýer­le­re zy­ýa­rat eder­ler. Olar ys­lam dün­ýä­si­niň baş mu­kad­des­lik­le­ri­ne to­gap edip, mu­kad­des Kä­bä­niň da­şyn­dan aý­la­nar­lar, ýurdu­myz we hal­ky­myz üçin do­ga-di­leg eder­ler.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň yn­san­per­wer baş­lan­gyç­la­ry, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tu­tum­ly ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de Wa­ta­ny­my­zyň çar kün­je­gin­de Gur­ban baý­ra­my giň­den bel­lenýär. Be­re­ket­li sa­çak ýa­zyp, myh­man gar­şy­la­mak hal­ky­my­zyň ga­dym­dan gel­ýän däp­le­ri­niň bi­ri­dir. Bu baý­ram­da bi­rek-bi­rek­den duz-ta­gam da­dyp, döw­let­li ojak­la­ra rys­gal-döw­let di­le­mek di­ňe bir sa­çak­la­ry­my­zyň be­re­ke­di­ni art­dyr­man, eý­sem, göw­nü­mi­zi hem gal­kyn­dy­rar. Mu­kad­des Gur­ban baý­ra­my­nyň bel­le­nil­me­gi ata-ba­ba­la­ry­my­zyň mil­li ýö­rel­ge­le­ri­ne, däp-des­sur­la­ry­my­za berk eýe­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Mä­hir-mu­hab­be­ti, bi­rek-bi­re­ge yna­my, ak ýü­rek­li­li­gi, ag­zy­bir­li­gi ün­de­ýän gur­ban­lyk gün­le­rin­de ýag­şy ni­ýet­ler bi­len aý­dy­lan hoş söz­ler yn­san kal­by­na mäh­ri­ban­lyk çaý­ýar.
Mu­kad­des Gur­ban baýramyn­da ber­ilýän gur­ban­lyk sadakalar, edi­ljek di­leg­ler ka­bul bol­sun!