Ertir ýurdumyzda esasy musulman baýramçylyklarynyň biri bolan Gurban baýramynyň ilkinji güni. Ol hijri-kamary ýyl hasaby boýunça Oraza aýy tamamlanandan soň 71-nji günde başlanýar. Şu sahawatly günlerde Mekgä we Medinä zyýarat edilýär.
Şu ýyl Gurban baýramy maý aýynyň 27-28-29-yna bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, şol günler ýurdumyzda däp boýunça iş günleri däl diýlip yglan edildi. Bu baýramyň esasy ybadatlary baýram namazyny okamak hem-de gurbanlyk çalmakdyr. Gurbanlyk kesmek Gurban baýramynyň birinji güni Baýram namazy okalandan soň başlanyp, üçünji günüň agşamyna çenli dowam edýär. Şeýle-de gurbanlykda soýuljak mal sagdyn we semiz bolmalydyr. Düzgün boýunça gurbanlyk malyň eti deň üç bölege bölünmeli. Bu bölekleriň biri gurbanlyk berýäniň maşgalasyna, bir bölegi dogan-garyndaşa, galan bir bölegi bolsa gurbanlyk kesip bilmediklere paýlanmaly.
Goýny we geçini diňe bir adamyň adyna, düýäni we sygry ýedi kişä çenli goşulyşyp kesip bolýar. Şol ýedi adamyň hem gurbanlyk etmek niýetinde bolmagy hökmandyr.
Yslam çeşmelerinde gurbanlyk bermek dessurynyň Ybraýym pygamberiň döwründen bäri berjaý edilip gelinýändigi tassyklanýar. Gurban baýramy Allanyň ynsanlara nygmat eçilen güni hasaplanypdyr. Ata-babalarymyz Gurban baýramynda edilen doga-dilegleriň, ýürege düwlen päk niýetleriň hasyl bolýandygyny belläpdirler. Bu baýramyň öň ýanynda öýke-kineli adamlar ýaraşypdyrlar. Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, gurbanlyk mal Gurban baýramynyň birinji, ikinji we üçünji günlerinde kesilýär. Ýöne birinji günde kesilmegi has sogaplydyr. Gurban kesmegiň wagty Baýram namazynyň okalmagyndan soňradyr.
Ýurdumyzyň zyýaratçylary yslam dünýäsiniň mukaddes ýerleri hasaplanýan Mekge we Medine şäherlerine haj parzlaryny berjaý etmek üçin zyýarata gitdiler. Ýurdumyzyň ähli ýerinden bolan zyýaratçylar musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň sahawatly günlerinde dünýä ýurtlaryndan barýan zyýaratçylaryň millionlarçasy bilen bir hatarda, haj parzyny ýerine ýetirerler. Medinede zyýaratçylar hezreti Muhammet pygamberiň, onuň egindeşleriniň ruhlarynyň aram tapan ýerlerine, metjitlere we beýleki mukaddes ýerlere zyýarat ederler. Olar yslam dünýäsiniň baş mukaddesliklerine togap edip, mukaddes Käbäniň daşyndan aýlanarlar, ýurdumyz we halkymyz üçin doga-dileg ederler.
Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tutumly tagallalary netijesinde Watanymyzyň çar künjeginde Gurban baýramy giňden bellenýär. Bereketli saçak ýazyp, myhman garşylamak halkymyzyň gadymdan gelýän däpleriniň biridir. Bu baýramda birek-birekden duz-tagam dadyp, döwletli ojaklara rysgal-döwlet dilemek diňe bir saçaklarymyzyň berekedini artdyrman, eýsem, göwnümizi hem galkyndyrar. Mukaddes Gurban baýramynyň bellenilmegi ata-babalarymyzyň milli ýörelgelerine, däp-dessurlarymyza berk eýerilýändigini görkezýär. Mähir-muhabbeti, birek-birege ynamy, ak ýürekliligi, agzybirligi ündeýän gurbanlyk günlerinde ýagşy niýetler bilen aýdylan hoş sözler ynsan kalbyna mähribanlyk çaýýar.
Mukaddes Gurban baýramynda berilýän gurbanlyk sadakalar, ediljek dilegler kabul bolsun!
PDF









