Düýn ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasy geçirildi. Bu sene diňe mekdep okuwçylary üçin däl, eýsem, orta mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň ene-atalary üçin hem ýatdan çykmajak tolgundyryjy gündür. Şol sebäpli 25-nji maý eziz Diýarymyzda hemişe aýratyn şatlyk, ýakymly tolgunma we uly dabaralar bilen gurşalýar. Bu gün geljege bolan ynamyň we kämillige gadam basmagyň aýdyň senesidir. Şol gün müňlerçe uçurymlaryň durmuşynda iň ýatda galyjy, iň mähirli günleriň biri bolup, ýurdumyzyň ähli künjegindäki orta mekdeplerde «Soňky jaň» dabarasy geçirilýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň maglumatyna salgylanyp berilýän metbugat habaryna görä, şu okuw ýylynda Aşgabat şäherinde uçurymlaryň 12 müň 851-si, Arkadag şäherinde 237-si mekdep bilen hoşlaşýar. Ahal welaýatynda 14 müň 337, Balkan welaýatynda 8 müň 680, Daşoguz welaýatynda 23 müň 798, Lebap welaýatynda 23 müň 700-e golaý, Mary welaýatynda 25 müňden gowrak okuwçy mekdebi tamamlap, durmuşa gadam basýar.
Ak mekdepde geçen 12 ýyl diňe bir ylym-bilim almagyň däl, eýsem, hakyky dostlugyň we watançylygyň öwrenilen döwrüdir. Ilkinji gezek eline galam alyp, «Watan», «ene», «mekdep» sözlerini ýazmagy öwrenen çagajyklar, bu gün eýýäm özbaşdak durmuş ýoluna gadam basýarlar. Olar geljegiň inženerleri, mugallymlary we lukmanlary. Soňky jaň dabarasynyň şowhunynda uçurymlaryň kalbynda minnetdarlyk duýgusy joş urýar. Özleriniň mähir-muhabbetini, irginsiz zähmetini we ylymlar dünýäsiniň syrlaryny öwreden mähriban mugallymlara alkyşlar aýdylýar.
«Soňky jaň» diňe bir mekdep ýyllarynyň tamamlanmagyny aňlatman, öňde duran täze we has jogapkärli durmuş menziliniň, belent sepgitleriň başlangyjydyr. Eziz Diýarymyzyň mekdeplerinde ýaňlanan soňky jaň sesi ýaşlary täze ylym ojaklaryna, hünär eýeleri bolmaga, eziz Watanymyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşmaga çagyrýar. Ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, dünýäniň ösen tehnologiýalaryna erk etmegi we hakyky hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda ähli şertler we mümkinçilikler döredilendir.
Gutardyş dabaralarynda mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň ýüzünde hem şatlyk hem alada duýgularyny görmek bolýar. Uçurymlar mekdep partasyndan, synpdaşlardan aýrylýandygyna gynansalar-da, uly durmuş ýoluna ynam bilen gadam basýandyklaryna begenýärler.
Goý, ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde ýaňlanan «Soňky jaň» sesi ýaş uçurymlara diňe şowlulyk, ak ýollar we uly ýeňişler getirsin! Ýoluňyz ak bolsun, mähriban uçurymlar!
PDF









