Ýo­lu­ňyz ak bol­sun, mäh­ri­ban uçu­rym­lar!

1

Düýn ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasy geçirildi. Bu sene diňe mekdep okuwçylary üçin däl, eýsem, orta mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň ene-atalary üçin hem ýatdan çykmajak tolgundyryjy gündür. Şol sebäpli 25-nji maý eziz Diýarymyzda hemişe aýratyn şatlyk, ýakymly tolgunma we uly dabaralar bilen gurşalýar. Bu gün geljege bolan ynamyň we kämillige gadam basmagyň aýdyň senesidir. Şol gün müňlerçe uçurymlaryň durmuşynda iň ýatda galyjy, iň mähirli günleriň biri bolup, ýurdumyzyň ähli künjegindäki orta mekdeplerde «Soňky jaň» dabarasy geçirilýär.

Türkmenistanyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň mag­lu­ma­ty­na salgylanyp berilýän metbugat habaryna gö­rä, şu okuw ýy­lyn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de uçu­rym­la­ryň 12 müň 851-si, Ar­ka­dag şä­he­rin­de 237-si mek­dep bi­len hoş­laş­ýar. Ahal we­la­ýa­tyn­da 14 müň 337, Bal­kan we­la­ýa­tyn­da 8 müň 680, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da 23 müň 798, Le­bap we­la­ýa­tynda 23 müň 700-e go­laý, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da 25 müň­den gow­rak okuw­çy mek­de­bi ta­mam­lap, dur­mu­şa ga­dam bas­ýar.
Ak mek­dep­de ge­çen 12 ýyl di­ňe bir ylym-bi­lim al­ma­gyň däl, eý­sem, ha­ky­ky dost­lu­gyň we wa­tan­çy­ly­gyň öw­re­ni­len döw­rü­dir. Il­kin­ji ge­zek eli­ne ga­lam alyp, «Wa­tan», «ene», «mek­dep» söz­le­ri­ni ýaz­ma­gy öw­re­nen ça­ga­jyk­lar, bu gün eý­ýäm öz­baş­dak dur­mu­ş ýoluna ga­dam bas­ýar­lar. Olar gel­je­giň in­že­ner­le­ri, mu­gal­lym­la­ry we luk­man­la­ry. Soň­ky jaň da­ba­ra­sy­nyň şow­hu­nyn­da uçu­rym­la­ryň kal­byn­da min­net­dar­lyk duý­gu­sy joş ur­ýar. Öz­le­ri­niň mä­hir-mu­hab­be­ti­ni, ir­gin­siz zäh­me­ti­ni we ylym­lar dün­ýä­si­niň syr­la­ry­ny öw­re­den mäh­ri­ban mu­gal­lym­la­ra al­kyş­lar aý­dyl­ýar.
«Soň­ky jaň» di­ňe bir mek­dep ýyl­la­ry­nyň ta­mam­lan­ma­gy­ny aň­lat­man, öň­de du­ran tä­ze we has jo­gap­kär­li dur­muş men­zi­li­niň, be­lent sep­git­le­riň baş­lan­gy­jy­dyr. Eziz Di­ýa­ry­my­zyň mek­dep­le­rin­de ýaň­lan­an soň­ky jaň se­si ýaş­la­ry tä­ze ylym ojak­la­ry­na, hü­när eýe­le­ri bol­ma­ga, eziz Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­ri­ne öz my­na­syp go­şant­la­ry­ny goş­ma­ga ça­gyr­ýar. Ýaş ne­sil­le­riň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, dün­ýä­niň ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na erk et­me­gi we ha­ky­ky hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin ýur­du­myz­da äh­li şert­ler we müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­len­dir.
Gu­tar­dyş da­ba­ra­la­ryn­da mek­de­bi ta­mam­la­ýan uçu­rym­la­ryň ýü­zün­de hem şat­lyk hem ala­da­ duý­gu­la­ry­ny gör­mek bol­ýar. Uçu­rym­lar mek­dep par­ta­syn­dan, synp­daş­lar­dan aý­ryl­ýan­dy­gy­na gy­nan­salar-da, uly dur­muş ýo­lu­na ynam bi­len ga­dam bas­ýandyklaryna begenýärler.
Goý, ýur­du­my­zyň äh­li mek­dep­le­rin­de ýaň­lan­an «Soň­ky jaň» se­si ýaş uçu­rym­la­ra di­ňe şow­lu­lyk, ak ýol­lar we uly ýe­ňiş­ler ge­tir­sin! Ýo­lu­ňyz ak bol­sun, mäh­ri­ban uçu­rym­lar!