Häzirki zaman dünýäsinde ykdysady ösüşiň we innowasiýalaryň iň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biri tehnologik telekeçilik we onuň daşynda kemala gelýän startap ekoulgamlarydyr. Sanlylaşdyrmak diňe bir durmuşymyzy aňsatlaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, täze biznes modelleriniň, döwrebap hünärleriň we ägirt uly ykdysady mümkinçilikleriň ýüze çykmagyna şert döredýär. Tehnologik telekeçilik ylmy-tehniki açyşlary we innowasion tehnologiýalary peýdalanyp, täze önümleri ýa-da hyzmatlary döretmek we olary bazara çykarmak işidir. Adaty telekeçilikden tapawutlylykda, bu ýerde esasy bäsdeşlik artykmaçlygy harydyň diňe bir bahasynda ýa-da ýerleşýän ýerinde däl-de, onuň hödürleýän tehnologik täzeliginde we giň gerime eýe bolmagyndadyr. Munuň iň aýdyň mysaly – startaplar. Startap diňe bir «täze açylan kiçi telekeçilik» bolman, gysga wagtyň içinde çalt ösmäge we tehnologiýanyň kömegi bilen uly bazarlary eýelemäge ukyply bolan innowasion taslamadyr.
Bir startap we tehnologik telekeçilik gurşawy öz-özünden ösüp bilmeýär. Onuň üçin ýörite guralan, biri-birini goldaýan zynjyr – ekoulgam gerek. Sagdyn startap ekoulgamyny şu aşakdaky esasy elementler emele getirýär. Şunda bilimli programma işläp düzüjilere, inženerlere, marketologlara we taslama ýolbaşçylaryna zerurlyk bar. Ekoulgamyň özeni täzeçil pikir edýän ýaşlardyr. Şeýle hem taslamanyň ilkinji ädimlerinde maýa goýumlar hem örän uly ähmiýete eýedir.
Başlangyç tapgyrdaky startaplara meýdança, maslahat berýän we olaryň önümini gysga wagtda kämilleşdirmäge kömek edýän ýörite merkezleriň döredilmegine üns bermek gerekdir. Tehnologik açyşlaryň we täze zehinleriň gözbaşy bolup durýan bilim ojaklary hem bu ugurda möhüm goldawdyr. Innowasiýalary höweslendirýän kanunçylyk binýady, salgyt ýeňillikleri we sanly infrastruktura hem wajypdyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň we beýleki döwlet maksatnamalarynyň çäginde uly özgertmeler amala aşyrylýar. Sanly infrastruktura yzygiderli kämilleşdirilýär, internet elýeterliligi artýar we elektron hyzmatlar durmuşymyza barha çuňňur aralaşýar. Bu şertler ýurdumyzyň ýaş programma işläp düzüjileri we telekeçileri üçin täze gapylary açýar. Eýýäm şu günki gün içerki bazarda uly meşhurlyk gazanan elektron söwda platformalary, onlaýn töleg ulgamlary we bilim platformalary tehnologik telekeçiligiň Türkmenistandaky ilkinji şowly miweleridir.
Ýöne munuň bilen çäklenmän, geljekde emeli aň, uly maglumatlar we «bulut» tehnologiýalary ýaly ugurlarda hem milli startaplaryň sanynyň artmagyna garaşylýar.
Umuman, tehnologik telekeçilik diňe bir programma üpjünçiligini ýazmak bolman, jemgyýetiň bar bolan meselelerine iň amatly we çalt sanly çözgütleri tapmakdyr. Ýaşlarymyzyň bu ugurdaky başlangyçlaryny goldamak, ýokary okuw mekdeplerinde innowasion startap meýdançalaryny giňeltmek we telekeçilik medeniýetini innowasiýalar bilen baýlaşdyrmak geljekde ykdysady garaşsyzlygymyzy we global bäsdeşlige ukyplylygymyzy has-da berkider. Sanly dünýäniň täze gahrymanlary bolsa eýýäm şu gün innowasion pikirleri öňe sürýän zehinli ýaşlarymyzdyr.
Aýgül ORUNOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.
PDF









