Nä­me üçin kö­ne fo­to­su­rat­lar­da hiç kim ýyl­gyr­ma­ýar?!

1

Kö­ne su­rat al­bom­la­ry­ny göz­den ge­çir­ýär­kä­ňiz, me­ge­rem, geň ýag­da­ýa üns be­ren bol­sa­ňyz ge­rek. Toý, dog­lan gün ýa-da haý­sy­dyr bir baý­ram­çy­lyk pur­sa­dy, ýö­ne fo­to­su­rat­da hiç kim ýyl­gyr­ma­ýar. Hem­me­ler çyn­la­kaý äheň­de, ag­ras ýüz­li. Eý­sem, kö­ne fo­to­su­rat­lar­da­ky çyn­la­kaý ba­kyş­la­ryň aňyr­syn­da nä­hi­li se­bäp­ler bar­ka?! Bu su­ra­ta dü­şür­me­giň­ teh­ni­ki taý­dan kemçiligimi ýa-da me­de­ni­ýe­tiň ala­ma­ty­my?!
Fo­to­su­rat­lar hä­zir­ki za­man dur­mu­şy­my­zyň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir. Soň­ky wagt­lar su­ra­ta ýyl­gy­ryp we be­genç­li keşpde dü­şül­ýän bol­sa, XIX asy­ra do­lan­sak, düý­bün­den baş­ga bir gur­şa­wa göz ýe­tir­ýär­siň.
Ýyl­gyr­man su­ra­ta düş­me­giň esa­sy se­bäp­le­ri­niň bi­ri şol dö­wür­dä­ki fo­to­en­jam­la­ry gur­na­mak bi­len bag­ly­dyr. Kö­ne fo­to­en­jam­lar­da su­ra­ta dü­şür­mek üçin bir­nä­çe mi­nut wagt ge­rek bo­lan­dy­gy se­bäp­li, ada­myň ýyl­gy­ry­şy­ny ta­kyk su­ra­ta dü­şü­rip bol­man­dyr. Şol se­bäp­li su­ra­ta düş­ýän adam­lar gy­myl­da­man ga­raş­ma­ly bo­lup­dyr­lar. He­re­ket bo­lan ha­la­tyn­da su­rat­da bu­la­şyk­lyk eme­le ge­lip­dir.
Pro­fes­sor Kris­ti­na Ko­çe­mi­do­wa­nyň pi­ki­ri­ne gö­rä, ka­me­ra­nyň öňün­de edep­li su­ra­ta düş­mek jem­gy­ýet­çi­lik ka­da­la­ry bi­len bag­la­ny­şyk­ly ha­sap edil­ýär. Şol dö­wür­de fo­to­su­ra­ta se­re­dip, su­ra­t­çy­nyň hü­när us­sat­ly­gy­na we es­te­ti­ka ba­ha be­rlipdir. Şo­nuň üçin fo­to­su­rat­çy­lar adam­la­ry çyn­la­kaý ýag­daý­da su­ra­ta dü­şür­mä­ge çal­şyp­dyr­lar. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, şol wagt­lar fo­to­su­rat gys­ga wagt­lyk duý­gy­ny däl-de, ada­myň jem­gy­ýet­dä­ki ab­ra­ýy­ny gör­kez­mek üçin ni­ýet­le­nip­dir.
Baş­ga bir mag­lu­ma­ta gö­rä, 200 ýyl mun­dan ozal adam­la­ryň ýyl­gyr­man su­ra­ta düş­me­gi­niň se­bä­bi psi­ho­lo­gik we so­si­al ka­da­lar bi­len bag­ly­dyr. Şol dö­wür­ler se­bäp­siz ýyl­gyr­mak oňyn ma­ny ber­män­dir. Fo­to­su­rat­çy­lar ýyl­gyr­ma­gy dä­li­lik we me­kir­lik ýa­ly adam hä­si­ýet­le­ri bi­len bag­la­nyş­dy­ryp­dyr­lar. Ag­ras keşpdäki adamlar asyl­ly we ab­raý­ly ki­şi­ler ha­sap edi­lip­dir.
Kä­bir bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­çe, fo­to­su­rat oý­la­nyp ta­py­lan­da su­rat­keş­lik däp­le­rin­den nus­ga alyp­dyr. Bu bol­sa ag­ras keşp­li fo­to­su­ra­ty eme­le ge­ti­rip­dir. Bel­läp geç­sek, şol döw­rüň kar­ti­na­la­ry­nyň äh­li­sin­den ta­pa­wut­ly baş­ga bir su­rat ese­ri köp­le­ri geň gal­dy­ryp­dyr. Bu Leo­nar­do da Win­çi­niň «Mo­na Li­za» kar­ti­na­sy­dyr. Meş­hur ital­ýan su­rat­ke­şi syr­ly ýyl­gyr­ýan Mo­na Li­za­nyň kar­ti­na­sy­ny dö­ret­mek üçin ýyl­lar­bo­ýy zäh­met çe­kip­dir.
Hä­zir­ki wagt­da «cheez» (peý­nir) di­ýip ýyl­gy­ryp, su­ra­ta düş­mek ýör­gün­li dä­be öw­rül­di. Em­ma öň­ki adam­lar ýyl­gy­ryp su­ra­ta düş­me­gi es­te­ti­ka ga­bat gel­me­ýän gö­dek­lik ha­sap­lap­dyr­lar. Fo­to­su­ra­ty gel­jek üçin he­mi­şe­lik ýaz­gy we mag­lu­mat hök­mün­de ka­bul edi­lip­dir. Şol se­bäp­li hem su­ra­ta kä­mil de­re­je­de dü­şüp­dir­ler.