Deň­ziň syr­ly jan­da­ry

2

At­lan­tik um­ma­ny­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky buz­luk­la­ryň aşa­gyn­da ýa­şa­ýan Gren­lan­di­ýa aku­la­la­ry yl­my dün­ýä­ni haý­ran gal­dyr­ýar. Soň­ky ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da bu ägirt jan­da­ryň 400 ýyl­dan gow­rak ýa­şa­ýan­dy­gy we ýet­gin­jek­lik döw­rü­niň 150 ýyl do­wam ed­ýän­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Geň ta­ra­py Gren­lan­di­ýa aku­la­sy 150 ýa­şyn­da, ýag­ny 4 met­re ýe­ten­de hem «ça­ga» ha­sap edil­ýär. Äpet ba­lyk­lar 1 asyr­dan gow­rak wagt­lap «ça­ga­lyk döw­rün­de» gal­ýar­lar.
Gren­lan­di­ýa aku­la­la­ry­nyň ýa­şy­ny kes­git­le­mek uzak wagt­lap müm­kin däl ha­sap­lan­ýar­dy. Beý­le­ki ba­lyk­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da äpet ba­ly­gyň ýaş hal­ka­sy­ny gör­kez­ýän berk süňk do­ku­ma­sy ýok. Şol se­bäp­li Ko­pen­ga­gen uni­wer­si­te­ti­niň de­ňiz bio­log­la­ry aku­la­nyň göz lin­za­syn­da­ky be­lok­dan nus­ga alyp, ra­dioug­le­rod se­ne­le­me usu­ly ar­ka­ly bar­lag ge­çir­di­ler. Alym­lar 28 aku­la­ny öw­re­nip, ola­ryň ýa­şy­nyň 272-512 ýyl ara­ly­gyn­da­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy­lar.
Deň­ziň iň ha­ýal we iň syr­ly «ýa­şaý­jy­la­ry­nyň» bi­ri bo­lan Gren­lan­di­ýa aku­la­sy (Som­nio­sus microcep­ha­lus) di­ňe um­man­da­ky däl, eý­sem, gu­ry ýer­dä­ki oňur­ga­ly jan­ly-jan­dar­la­ryň hem iň uzak ýa­şa­ýa­ny ha­sap edil­ýär. Uzyn­ly­gy 5 met­re ýet­ýän äpet ba­ly­gyň ag­ra­my 1 ton­na­dan geç­ýär. Ta­ry­hy dö­wür­le­re şa­ýat bo­lan Gren­lan­di­ýa aku­la­sy ýyl­da 1 san­ti­metr ýa­ly ös­ýär. Bu ha­ýal ösüş Gren­lan­di­ýa­da ýa­şa­ýan äpet ba­lyk­la­ryň uzak ýa­şa­ma­gy­nyň sy­ry ha­sap edil­ýär.
Gren­lan­di­ýa aku­la­sy ýyr­ty­jy jan­dar ha­sap­lan­ýar. Ow­nuk ba­lyk, de­ňiz süý­dem­di­ri­ji­le­ri, he­läk bo­lan süý­dem­di­ri­ji­ler, del­fin, düw­len we ki­çi kit­ler bi­len iý­mit­len­ýän äpet ba­lyk­la­ryň sa­gat­da­ky ýü­züş tiz­li­gi 2,6 ki­lo­met­re ýet­ýär. Örän ha­ýal he­re­ket ed­ýän çal aku­la­lar ba­lyk­la­ry gö­ni ag­zy­na çek­mek üçin ýö­ri­te sor­ma usu­ly­ny ulan­ýar­lar. Gren­lan­di­ýa aku­la­sy deň­ziň 150 metr­den 1200 met­re çen­li çuň­lu­gyn­da ýa­şa­ýar.