Atlantik ummanynyň demirgazygyndaky buzluklaryň aşagynda ýaşaýan Grenlandiýa akulalary ylmy dünýäni haýran galdyrýar. Soňky geçirilen barlaglarda bu ägirt jandaryň 400 ýyldan gowrak ýaşaýandygy we ýetginjeklik döwrüniň 150 ýyl dowam edýändigi ýüze çykaryldy. Geň tarapy Grenlandiýa akulasy 150 ýaşynda, ýagny 4 metre ýetende hem «çaga» hasap edilýär. Äpet balyklar 1 asyrdan gowrak wagtlap «çagalyk döwründe» galýarlar.
Grenlandiýa akulalarynyň ýaşyny kesgitlemek uzak wagtlap mümkin däl hasaplanýardy. Beýleki balyklardan tapawutlylykda äpet balygyň ýaş halkasyny görkezýän berk süňk dokumasy ýok. Şol sebäpli Kopengagen uniwersitetiniň deňiz biologlary akulanyň göz linzasyndaky belokdan nusga alyp, radiouglerod seneleme usuly arkaly barlag geçirdiler. Alymlar 28 akulany öwrenip, olaryň ýaşynyň 272-512 ýyl aralygyndadygyny ýüze çykardylar.
Deňziň iň haýal we iň syrly «ýaşaýjylarynyň» biri bolan Grenlandiýa akulasy (Somniosus microcephalus) diňe ummandaky däl, eýsem, gury ýerdäki oňurgaly janly-jandarlaryň hem iň uzak ýaşaýany hasap edilýär. Uzynlygy 5 metre ýetýän äpet balygyň agramy 1 tonnadan geçýär. Taryhy döwürlere şaýat bolan Grenlandiýa akulasy ýylda 1 santimetr ýaly ösýär. Bu haýal ösüş Grenlandiýada ýaşaýan äpet balyklaryň uzak ýaşamagynyň syry hasap edilýär.
Grenlandiýa akulasy ýyrtyjy jandar hasaplanýar. Ownuk balyk, deňiz süýdemdirijileri, heläk bolan süýdemdirijiler, delfin, düwlen we kiçi kitler bilen iýmitlenýän äpet balyklaryň sagatdaky ýüzüş tizligi 2,6 kilometre ýetýär. Örän haýal hereket edýän çal akulalar balyklary göni agzyna çekmek üçin ýörite sorma usulyny ulanýarlar. Grenlandiýa akulasy deňziň 150 metrden 1200 metre çenli çuňlugynda ýaşaýar.
PDF









