Angliýanyň “Liwerpul” topary şowsuz geçen möwsümden soň tälimçisi Arne Sloty wezipesinden boşatdy. 47 ýaşyndaky niderland tälimçi 2024-nji ýylyň tomsunda “Liwerpulyň” tälimçiligine bellenipdi. Ilkinji möwsüminde kluby “Premier Liganyň” çempiony eden Slot üçin 2-nji möwsüm juda şowsuz geçdi. Kynlyk bilen möwsümi 5-nji orunda tamamlan “Liwerpul” belli bir döwürde ýeňiş gazanmakda juda kynçylyk çekdi. Slot “Liwerpulda” 113 oýunda 66 ýeňiş gazandy, 28 duşuşykda utuldy (19 deňlik). 2-nji möwsümde birnäçe şowsuz statistikalaryň, hatda antirrekordlaryň eýesi boldy.
Slot tälimçilik karýerasyna “Kambuur” toparynda başlap, AZ, “Feýenoord” klublarynda dowam etdi. Slot “Liwerpuldan” öň “Feýenoorda” hem çempionlyk, hem-de kubok gazandyrypdy.
“Liwerpulyň” täze tälimçisi hökmünde “Bornmutdan” gaýdan Andoni Iraolanyň ady agzalýar. Iraola “Milandan” gelen teklipden ýüz öwrüpdi.
PDF









