31-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi, şeýle hem Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisi geçirildi.
Paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýi esasy baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde milli halyçylyk sungatynyň nusgawy we häzirki zaman eserlerinden ybarat sergi ýaýbaňlandyryldy. Muzeý bilen ýanaşyk meýdançada, açyk asmanyň astynda halyçylaryň döredijilikli zähmeti, haly dokalyşynyň aýratynlyklary şöhlelendirildi. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Olarda nepis türkmen halylarynyň waspy ýetirildi.
Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagyny üns bilen diňlediler. Gutlagda bellenilişi ýaly, türkmen zenanlarynyň ýiti zehininden, akyl-paýhasyndan dörän, nepisligi, müň dürli öwüşgini, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy, tebigy özboluşlylygy bilen dünýäni haýran eden ajaýyp türkmen halysy umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynda mynasyp orun alan gözelligiň we nepisligiň nusgasydyr. Dünýäde deňi-taýy bolmadyk türkmen halysy halkymyzyň gadymy sungaty bolup, onda asyrlardan gözbaş alýan ruhy gymmatlyklarymyz öz aýdyň beýanyny tapýar.
Sergide «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň çeper halyçylyk kärhanalarynyň ussat halyçylarynyň we hususy halyçylaryň dokan ajaýyp halylarydyr haly önümleri görkezildi. Şolaryň hatarynda nusgawy gölli, dürli şekilli halylar, güberçekli halylar bar. Olaryň arasynda gadymy türkmen halylarynyň gaýtadan dikeldilen nusgalary esasynda döredilen täze görnüşleriniň bardygyny hem bellemek gerek. Ajaýyp halylar bilen bir hatarda, sergide halkymyzyň durmuşynda giňden ulanylan dürli görnüşli haly önümlerine — çuwallara, horjunlara, eýerliklere, kilimlere, namazlyklara-da orun berlipdir. Mundan başga-da, häzirki zaman dizaýnerleriniň we halyçylaryň bilelikdäki zähmeti netijesinde döredilen haly portretleri, türkmen tebigatynyň gözel keşbi şekillendirilen halylar, ýüpekden çitilen nepis önümler serginiň bezegine öwrüldi. Sergide ýurdumyzyň halyçylyk bilen meşgullanýan telekeçileri öz işlerini, dürli görnüşli sowgatlyk önümlerini, amaly-haşam sungatynyň özboluşly nusgalaryny görkezdiler.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň gözelligini, nepisligini äleme ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle-de Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada mynasyp bolan halyçylary sarpalamak dabarasy geçirildi. Hormatly ada mynasyp bolanlar milli mirasymyzy gorap saklamak baradaky ýadawsyz aladalary, halyçylyk sungatynyň inçe tärlerini geljek nesillere ýetirmek, zehinli halyçylary taýýarlamak babatda döredýän ähli mümkinçilikleri hem-de Şa serpaýy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

TÜRKSOÝ-yň ýörite diplomy we Minnetdarlyk hatlary gowşuryldy
Soňra Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan türki dünýäde halyçylyk senediniň ösdürilmegine goşýan goşantlary üçin «Türkmenhaly» döwlet birleşigine ýörite diplomyň we öňdebaryjy halyçylara Minnetdarlyk hatlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew çykyş edip, şu gün Türkmenistanda diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş türki dünýäniň genji-hazynasy bolan Türkmen halysynyň baýramynyň giňden bellenilýändigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, haly diňe bir dokma önümi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türki halklaryň taryhy köklerini, çeper döredijiligini we ruhy baýlygyny özünde jemleýän maddy gymmatlykdyr. Dünýä medeniýetine goşulan ägirt uly goşant we gaýtalanmajak mirasdyr. Şunuň bilen baglylykda, Sultan Raýew bu gadymy senedi ösdürmekde, döwrebap görnüşde kämilleşdirmekde bitirýän hyzmatlary üçin «Türkmenhaly» döwlet birleşigine hem-de öňdebaryjy halyçylara Türki medeniýetiň halkara guramasynyň adyndan hoşallyk bildirdi we guramanyň ýörite diplomyny hem-de Minnetdarlyk hatlaryny gowşurdy.
Halyçylary sylaglamak dabarasy tamamlanandan soňra, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisi
Günüň ikinji ýarymynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň mejlisler zalynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ugurdaş düzümleriniň wekilleri, ylym-bilim, medeniýet we sungat işgärleri, dünýäniň ylmy, işewürlik jemgyýetçiliginiň agzalary, alymlar, halyşynaslar gatnaşdylar.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, haly türkmeniň köňül nagşy we milli buýsanjydyr. Häzirki döwürde türkmen halyçylyk sungatynyň gadymdan gelýän däplerini gorap saklamak, ony dünýäde giňden wagyz etmek we geljek nesillere asyl nusgasynda ýetirmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda alnyp barylýan yzygiderli işleriň netijesinde milli halyçylyk sungatymyz täze ösüş ýoluna düşdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap haly önümçilik kärhanalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, halyçy gelin-gyzlarymyzyň zähmet we durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy munuň aýdyň güwäsidir.
Mejlisiň dowamynda çykyş eden daşary ýurtly myhmanlar türkmen halylarynyň gaýtalanmajak keşbi we çitimleriniň özboluşlylygy bilen haýran galdyrýandygyny, halyçylyk medeniýetiniň inçe aýratynlyklarynyň, gadymy däpleriniň hut şu halylaryň nagyşlarynda görünýändigini bellediler we Türkmenistanyň bu sungaty gorap saklamak boýunça edýän tagallalarynyň bütin dünýä nusgalykdygyny nygtadylar. Ekologik taýdan arassa çig mallar, tebigy usulda taýýarlanylýan boýaglar ulanylyp dokalýan türkmen halylary dünýäde uly isleg bildirilýän we gymmat bahaly önümleriň hataryndadyr. Olarda türkmen sährasynyň gözelligi, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri nagyşlaryň üsti bilen beýan edilýär. Şeýle hem olar Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli baýramçylyk çärelerine gatnaşyp, milli halyçylyk sungatynyň däpleri, türkmen halkynyň özboluşly medeniýeti bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdiler.
Soňra Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisi «Arşyň nepisligi» we «Janly rowaýat» atly bölümçelerde dowam etdi.
Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralaryň ahyrynda haly we haly önümleriniň sergisine, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milli halyçylyk sungatynyň şöhratly däplerini ösdürmek ugrundaky tagallalary, bu pudakda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda döredilýän amatly şertler üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk beýan edildi.
Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde duşuşyklar, sergiler, ylmy maslahatlar, döredijilik bäsleşikleri, konsertler we beýleki çäreler geçirildi.
PDF









