2-nji iýunda bolan wakalar

1

1924 – ABŞ-nyň Prezidenti Kalwin Kulij ýurduň çäginde doglan ähli ýerli ýaşaýjylara raýatlyk berýän “Ýerli ýaşaýjylaryň raýatlygy baradaky Kanuna” gol çekýär. Şeýlelikde raýatlyk alan amerikanlar ses bermäge-de hukukly boldular. Şeýle-de bolsa, köp ştatda bu düzgün güýje girizilmedi. Bu hukuk Nýu-Meksikoda we Arizonada 1948-nji ýylda, Ýuta ştatynda 1962-nji ýylda ykrar edildi.
1946 – Italiýa Respublikasynyň esaslandyrylmagy: Geçirilen referendumda italýanlar Italiýanyň monarhiýadan respublika öwrülmegi ugrunda ses berýärler. Ondan öň ýurt Patyşalykdy.
1953 – Şa Zenany Ýelizaweta II-niň Westminster abbatlygyndaky (katolikleriň ybadathanasy we onuň mülki) täç geýdiriş dabarasy telewideniýede görkezilen ilkinji Britaniýa täç geýdiriş dabarasy hem-de ilkinji uly halkara wakalaryň biri bolýar.
1998 – “Discovery” kosmos şattly (gämisi) “Şattl-Mir” maksatnamasynyň iň soňky missiýasy bolan STS-91 uçuşy bilen kosmosa goýberilýär.
2003 – Ýewropa başga bir planeta – Marsa tarap ilkinji syýahatyny ýola goýdy. Ýewropa Kosmos Agentliginiň “Mars Express” zondy Gazagystandaky Baýkoňyr kosmodromyndan kosmosa uçurylýar.
2014 – Telangana resmi taýdan Hindistanyň 29-njy ştaty bolýar. Ol Andhra Pradeş ştatynyň demirgazyk-günbataryndaky 10 etrapdan (okrugdan) emele getirilýär.
2022 – Ankaranyň haýyşy bilen Birleşen Milletler Guramasy guramanyň çäginde öň “Turkey” diýlip atlandyrylýan Türkiýe Respublikasynyň adyny resmi taýdan “Türkiye” diýip üýtgedýär.