Kannawaro Özbegistanyň ýygyndysynyň gutarnykly düzümini mälim etdi

3

Dünýä Kubogyna ilkinji gezek gatnaşýan Özbegistanyň ýygyndysynyň gutarnykly düzümi mälim edildi. Italiýaly tälimçi Fabio Kannawaro 5-nji maýda giňeldilen düzümi ilkinji mälim eden tälimçi bolupdy. Kannawaro milli ýygynda Husanow, Faýzullaýew, Şomurodow, Sergeýew, Maşaripow, Şukurow ýaly başga ýurtlaryň klublarynda oýnaýan ýyldyzlary-da çagyrdy.

Düýn Kanadadan 2-0 utulan özbekler çempionatdan öň Niderlandlaryň ýygyndysy bilenem ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer (8-nji iýunda).

Özbegistanyň ýygyndysy “K” toparçada Portugaliýanyň, Kolumbiýanyň hem-de Kongo DR-niň ýygyndylary bilen duşuşar.

DERWEZEÇILER
Utkir Ýusupow (Nawbahar)
Abduwohid Nematow (Nasaf)
Botirali Ergaşew (Neftçi)

GORAGÇYLAR
Abdukodir Husanow (Mançester Siti)
Hojiakbar Alijonow (Pahtakor)
Farruh Saýfiýew (Neftçi)
Rustam Aşurmatow (Esteglal, Eýran)
Şerzod Nasruallaýew (Nasaf)
Umar Eşmurodow (Nasaf)
Abdulla Abdullaýew (Dibba, BAE)
Behruz Karimow (Surhon)
Awazbek Ulmasaliýew (AGMK)
Jahongir Urozow (Dinamo Samarkand)

ÝARYMGORAGÇYLAR
Akmal Mozgowoý (Pahtakor)
Otabek Şukurow (Baniýas, BAE)
Jamşid Iskanderow (Neftçi)
Odiljon Hamrobekow (Traktor, Eýran)
Jaloliddin Maşaripow (Esteglal, Eýran)
Oston Urunow (Persepolis, Eýran)
Dostonbek Hamdamow (Pahtakor)
Azizjon Ganiýew (Al-Bataeh, BAE)
Abbosbek Faýzullaýew (Istanbul Başakşehir)
Şerzod Esanow (Buhara)

HÜJÜMÇILER
Eldor Şomurodow (Istanbul Başakşehir)
Azizbek Amonow (Buhara)
Igor Sergeýew (Persepolis, Eýran)