Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak – döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugry

1

Her ýy­lyň 5-nji iýu­nyn­da dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň Bü­tin­dün­ýä gü­nü­ni bel­le­ýär. Bu se­ne adam­za­dyň öňün­de du­ran iň mö­hüm me­se­le­le­riň bi­ri bo­lan daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, te­bi­gy baý­lyk­la­ry re­je­li peý­da­lan­mak we eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek ug­run­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Daş­ky gur­şa­wyň aba­dan­çy­ly­gy di­ňe bir hä­zir­ki däl, eý­sem, gel­jek­ki ne­sil­le­riň hem bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň esa­sy şert­le­ri­niň bi­ri­dir.

Soň­ky on­ýyl­lyk­lar­da dün­ýä­de ilat sa­ny­nyň art­ma­gy, se­na­gat önüm­çi­li­gi­niň gi­ňel­me­gi, te­bi­gy baý­lyk­la­ryň aşa köp ula­nyl­ma­gy we ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ýa­ly ýag­daý­lar eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­niň has-da ýi­ti­leş­me­gi­ne ge­tir­di. Alym­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, daş­ky gur­şa­wyň ha­pa­lan­ma­gy, bio­dür­lü­li­giň ke­mel­me­gi, to­kaý meý­dan­la­ry­nyň azal­ma­gy we suw se­riş­de­le­ri­niň ýet­mez­çi­li­gi hä­zir­ki döw­rüň iň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň ha­ta­ry­na gir­ýär. Şo­nuň üçin dün­ýä döw­let­le­ri daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­bat­da bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry güýç­len­dir­mä­ge uly äh­mi­ýet ber­ýär­ler.

Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň Bü­tin­dün­ýä gü­ni 1972-nji ýyl­da Şwe­si­ýa­nyň paý­tag­ty Stok­golm şä­he­rin­de ge­çi­ri­len daş­ky gur­şaw bo­ýun­ça hal­ka­ra mas­la­ha­tyn­dan soň dö­re­dil­di. Şol ýyl­dan bä­ri bu se­ne dün­ýä­niň ýüz­ler­çe döw­let­le­rin­de giň­den bel­le­ni­lip, eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ne jem­gy­ýet­çi­li­giň ün­sü­ni çek­mä­ge hyz­mat ed­ýär. Her ýyl bu gün aý­ra­tyn şy­gar as­tyn­da ge­çi­ri­lip, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bi­len bag­ly mö­hüm me­se­le­ler öňe sü­rül­ýär.

Dün­ýä tej­ri­be­si eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­nyň dur­nuk­ly ösü­şiň mö­hüm şert­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Köp ýurt­lar­da gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­rin­den peý­da­lan­mak, ho­wa zy­ňyn­dy­la­ry­ny azalt­mak, «ýa­şyl» teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak we te­bi­gy baý­lyk­la­ry go­ra­mak bo­ýun­ça giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Gün we ýel ener­gi­ýa­sy­ny ulan­mak, ga­lyn­dy­la­ry gaý­ta­dan iş­le­mek, suw se­riş­de­le­ri­ni tyg­şyt­ly peý­da­lan­mak ýa­ly çä­re­ler üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar.

Türk­me­nis­tan eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek ug­run­da hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýän döw­let­le­riň bi­ri­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da te­bi­ga­ty go­ra­mak, daş­ky gur­şa­wyň ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak we eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Te­bi­ga­ty go­ra­mak ba­ra­da­ky mil­li ka­nun­çy­lyk yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär, eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty döw­re­bap ta­lap­la­ra la­ýyk­lyk­da ös­dü­ril­ýär.

Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da to­kaý zo­lak­la­ry­ny dö­ret­mek we bag ek­mek bo­ýun­ça uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Her ýyl ge­çi­ril­ýän köp­çü­lik­le­ýin bag ek­mek çä­re­le­ri di­ňe bir daş­ky gur­şa­wy go­wu­lan­dyr­ma­ga däl, eý­sem, ho­wa­nyň aras­sa­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge hem uly go­şant goş­ýar. Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­he­rleri­niň tö­we­re­gin­de dö­re­di­len ýa­şyl zo­lak­lar eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň aý­dyň my­sal­la­ry­dyr.

Ýa­kyn­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň hu­kuk esas­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň tä­si­ri­ni azalt­mak ba­bat­da iş­le­riň esa­sy ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek, ekoul­gam­la­ryň we to­kaý ho­ja­ly­gy­nyň bu ýag­daý­la­ra dur­nuk­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, şeý­le hem «Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li stra­te­gi­ýa­sy­ny» üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, «Türk­me­nis­ta­nyň 2026 – 2030-njy ýyl­lar üçin Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­sy» hem-de şu mak­sat­na­ma­ny ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy tas­syk­la­nyl­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny go­ra­mak hem döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ýur­du­myz­da bir­nä­çe döw­let te­bi­gy go­rag­ha­na­la­ry he­re­ket edip, olar­da ösüm­lik­le­riň we haý­wan­la­ryň seý­rek duş gel­ýän gör­nüş­le­ri go­rag as­ty­na alyn­ýar. Kö­pet­da­gyň, Ga­ra­gu­muň, Amy­der­ýa­nyň we Ha­zar deň­zi­niň ekoul­gam­la­ry­ny go­ra­mak bo­ýun­ça yl­my we ama­ly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Aral me­se­le­si­ne gö­nük­di­ri­len hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk hem Türk­me­nis­ta­nyň eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri bi­len bi­le­lik­de Aral se­bi­tin­dä­ki eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak ug­run­da bir­nä­çe hal­ka­ra tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýär. Bu baş­lan­gyç­lar se­bit­de ýa­şa­ýan ila­tyň dur­muş şert­le­ri­niň go­wu­lan­ma­gy­na we te­bi­gy gur­şa­wyň di­kel­dil­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär.

Te­bi­gat adam­za­dyň umu­my baý­ly­gy we gel­jek ne­sil­le­re mi­ras go­ýul­jak gym­mat­lyk­dyr. Şo­nuň üçin onuň baý­lyk­la­ry­ny go­ra­mak, daş­ky gur­şa­wy aras­sa sak­la­mak we eko­lo­gi­ýa de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek her bi­ri­mi­ziň umu­my jo­gap­kär­çi­li­gi­miz­dir. Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň Bü­tin­dün­ýä gü­ni bi­ze te­bi­ga­ty söý­me­giň, ony go­ra­ma­gyň we gel­jek ne­sil­ler üçin has aras­sa dün­ýä­ni sak­lap gal­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni ýe­ne bir ge­zek ýat­lad­ýar.

Mähri REJEPOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk

institutynyň mugallymy.