Her ýylyň 5-nji iýunynda dünýä jemgyýetçiligi Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününi belleýär. Bu sene adamzadyň öňünde duran iň möhüm meseleleriň biri bolan daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilendir. Daşky gurşawyň abadançylygy diňe bir häzirki däl, eýsem, geljekki nesilleriň hem bagtyýar durmuşynyň esasy şertleriniň biridir.
Soňky onýyllyklarda dünýäde ilat sanynyň artmagy, senagat önümçiliginiň giňelmegi, tebigy baýlyklaryň aşa köp ulanylmagy we howanyň üýtgemegi ýaly ýagdaýlar ekologiýa meseleleriniň has-da ýitileşmegine getirdi. Alymlaryň bellemegine görä, daşky gurşawyň hapalanmagy, biodürlüligiň kemelmegi, tokaý meýdanlarynyň azalmagy we suw serişdeleriniň ýetmezçiligi häzirki döwrüň iň möhüm meseleleriniň hataryna girýär. Şonuň üçin dünýä döwletleri daşky gurşawy goramak babatda bilelikdäki tagallalary güýçlendirmäge uly ähmiýet berýärler.
Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni 1972-nji ýylda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherinde geçirilen daşky gurşaw boýunça halkara maslahatyndan soň döredildi. Şol ýyldan bäri bu sene dünýäniň ýüzlerçe döwletlerinde giňden bellenilip, ekologiýa meselelerine jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge hyzmat edýär. Her ýyl bu gün aýratyn şygar astynda geçirilip, daşky gurşawy goramak bilen bagly möhüm meseleler öňe sürülýär.
Dünýä tejribesi ekologiýa howpsuzlygynyň durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri bolup durýandygyny görkezýär. Köp ýurtlarda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak, howa zyňyndylaryny azaltmak, «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak we tebigy baýlyklary goramak boýunça giň gerimli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Gün we ýel energiýasyny ulanmak, galyndylary gaýtadan işlemek, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak ýaly çäreler üstünlikli amala aşyrylýar.
Türkmenistan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda halkara başlangyçlary öňe sürýän döwletleriň biridir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda tebigaty goramak, daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulandyrmak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Tebigaty goramak baradaky milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär, ekologiýa syýasaty döwrebap talaplara laýyklykda ösdürilýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda tokaý zolaklaryny döretmek we bag ekmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Her ýyl geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäreleri diňe bir daşky gurşawy gowulandyrmaga däl, eýsem, howanyň arassalygyny üpjün etmäge hem uly goşant goşýar. Aşgabat we Arkadag şäherleriniň töwereginde döredilen ýaşyl zolaklar ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň aýdyň mysallarydyr.
Ýakynda daşky gurşawy goramak boýunça döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak babatda işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemek, ekoulgamlaryň we tokaý hojalygynyň bu ýagdaýlara durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny goramak hem döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda birnäçe döwlet tebigy goraghanalary hereket edip, olarda ösümlikleriň we haýwanlaryň seýrek duş gelýän görnüşleri gorag astyna alynýar. Köpetdagyň, Garagumuň, Amyderýanyň we Hazar deňziniň ekoulgamlaryny goramak boýunça ylmy we amaly işler alnyp barylýar.
Aral meselesine gönükdirilen halkara hyzmatdaşlyk hem Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz Merkezi Aziýa döwletleri bilen bilelikde Aral sebitindäki ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda birnäçe halkara taslamalary durmuşa geçirýär. Bu başlangyçlar sebitde ýaşaýan ilatyň durmuş şertleriniň gowulanmagyna we tebigy gurşawyň dikeldilmegine ýardam berýär.
Tebigat adamzadyň umumy baýlygy we geljek nesillere miras goýuljak gymmatlykdyr. Şonuň üçin onuň baýlyklaryny goramak, daşky gurşawy arassa saklamak we ekologiýa deňagramlylygyny üpjün etmek her birimiziň umumy jogapkärçiligimizdir. Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni bize tebigaty söýmegiň, ony goramagyň we geljek nesiller üçin has arassa dünýäni saklap galmagyň möhümdigini ýene bir gezek ýatladýar.
Mähri REJEPOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
PDF









