2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Bütindünýä welosiped güni mynasybetli her ýylyň 3-nji iýunynda dünýäniň dürli ýurtlarynda köp sanly çäreler geçirilýär. Welosiped ýaryşlary guralýar, bu ulagy sürmegiň saglyga, daşky gurşawa peýdasy barada maslahatlar, çagalarda howpsuz welosiped sürmegiň düzgünleri düşündirilýär. Iri şäherlerde welosiped sürmegi ýaýbaňlandyrmak üçin infrastruktura – welosiped ýodalary, weloduralgalar, welosipedleri kärendesine berýän kärhanalar döredilýär.
Bilermenler welosipediň iri şäherlerde ýol dyknyşygynyň, howanyň hapalanmagynyň öňüni almakda hem-de halkyň saglygy üçin peýdalydygyna ünsi çekýärler. Eýsem, dünýäniň haýsy şäherlerinde has köp welosiped sürülýärkä? Ine, olaryň käbiri.
Utreht, Niderlandlar. Bu ýurduň köp şäherinde esasy ulag serişdesi welosiped hasaplanýar. Utreht şäheriniň tekiz ýerde ýerleşmegi welosiped sürmek üçin amatly şert döredýär. Şäherdäki ýörite ýodalar bolsa, ýaşaýjylaryň gündelik durmuşda welosipedden işjeň peýdalanmagyny höweslendirýär.
Münster, Germaniýa. Şäheriň taryhy ýadygärlikleri, dar köçeleri awtoulagda däl-de, welosipedde aýlanmak üçin has amatly.
Antwerpen, Belgiýa. Syýahatçylaryň has köp barýan şäherleriniň biri bolan Antwerpen owadan binalary bilen köpleri özüne çekýär. Şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin welosiped sürmäge ähli şert döredilipdir.
Kopengagen, Daniýa. Dünýäde ýaşaýşyň derejesi iň ýokary şäherleriň biri hasaplanýan Kopengagende welosiped sürýänleriň sany köp. Düzlükde ýerleşýän şäheriň ähli ýerinde diýen ýaly welosiped ýodalary çekilipdir.
Malmö, Şwesiýa. Ýewropanyň demirgazygyndaky bu port şäheri senagat taýdan ösen sebitleriň biridir. Şäheriň ýaşaýjylarynyň esasy ulaglarynyň biri welosiped hasaplanýar.
Bulardan başga-da, Hançžou (Hytaý), Bern (Şweýsariýa), Bremen, (Germaniýa), Oslo (Norwegiýa), Milan (Italiýa), Pariž (Fransiýa), London (Angliýa) we Tokio (Ýaponiýa) ýaly şäherler welosipediň has köp sürülýän ýerleri hasaplanýar.
Bahargül Ataýewa,
Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Magtymguly etrap geňeşiniň hasapçysy.
PDF









