Köp welosiped sürülýän şäherler

1

2018-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan yg­lan edi­len Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni my­na­sy­bet­li her ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da köp san­ly çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. We­lo­si­ped ýa­ryş­la­ry guralýar, bu ula­gy sür­me­giň sag­ly­ga, daş­ky gur­şa­wa peý­da­sy ba­ra­da mas­la­hat­lar, ça­ga­lar­da howp­suz we­lo­si­ped sür­me­giň düz­gün­le­ri dü­şün­di­ril­ýär. Iri şä­her­ler­de we­lo­si­ped sür­me­gi ýaý­baň­lan­dyr­mak üçin inf­rast­ruk­tu­ra – we­lo­si­ped ýo­da­la­ry, we­lo­du­ral­ga­lar, we­lo­si­ped­le­ri kä­ren­de­si­ne ber­ýän kär­ha­na­lar dö­re­dil­ýär.

Bi­ler­men­ler we­lo­si­pe­diň iri şä­her­ler­de ýol dyk­ny­şy­gy­nyň, ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak­da hem-de hal­kyň sag­ly­gy üçin peý­da­ly­dy­gy­na ün­si çek­ýär­ler. Eý­sem, dün­ýä­niň haý­sy şä­her­le­rin­de has köp we­lo­si­ped sü­rül­ýär­kä? Ine, ola­ryň kä­bi­ri.

Ut­reht, Ni­der­land­lar. Bu ýur­duň köp şä­he­rin­de esa­sy ulag se­riş­de­si we­lo­si­ped ha­sap­lan­ýar. Ut­reht şä­he­ri­niň te­kiz ýer­de ýer­leş­me­gi we­lo­si­ped sür­mek üçin amatly şert dö­red­ýär. Şä­her­dä­ki ýörite ýo­da­la­r bol­sa, ýa­şaý­jy­la­ryň gün­de­lik dur­muş­da we­lo­si­ped­den iş­jeň peý­da­lan­ma­gy­ny hö­wes­len­dir­ýär.

Müns­ter, Ger­ma­ni­ýa. Şä­he­riň ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri, dar kö­çe­le­ri aw­tou­lag­da däl-de, we­lo­si­ped­de aý­lan­mak üçin has amat­ly.

Ant­wer­pen, Bel­gi­ýa. Sy­ýa­hat­çy­la­ryň has köp bar­ýan şä­her­le­ri­niň bi­ri bo­lan Ant­wer­pen owa­dan bi­na­la­ry bi­len köp­le­ri özü­ne çek­ýär. Şä­he­riň ýa­şaý­jy­la­ry we myh­man­la­ry üçin we­lo­si­ped sür­mä­ge äh­li şert dö­re­di­lip­dir.

Ko­pen­ga­gen, Da­ni­ýa. Dün­ýä­de ýa­şaý­şyň de­re­je­si iň ýo­ka­ry şä­her­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýan Ko­pen­ga­gende we­lo­si­ped sür­ýän­le­riň sa­ny köp. Düz­lük­de ýer­leş­ýän şä­he­riň äh­li ýe­ri­nde di­ýen ýa­ly we­lo­si­ped ýo­da­la­ry çe­ki­lip­dir.

Malmö, Şwe­si­ýa. Ýew­ro­pa­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky bu port şä­he­ri se­na­gat taý­dan ösen se­bit­le­riň bi­ri­dir. Şä­he­riň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň esa­sy ulag­la­ry­nyň bi­ri we­lo­si­ped ha­sap­lan­ýar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, Hanç­žou (Hy­taý), Bern (Şweý­sa­ri­ýa), Bre­men, (Ger­ma­ni­ýa), Os­lo (Nor­we­gi­ýa), Mi­lan (Ita­li­ýa), Pa­riž (Fran­si­ýa), Lon­don (Ang­li­ýa) we To­kio (Ýa­po­ni­ýa) ýa­ly şä­her­ler we­lo­si­pe­diň has köp sürülýän ýerleri ha­sap­lan­ýar.

Bahargül Ataýewa,

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Magtymguly etrap geňeşiniň hasapçysy.