Adamzadyň iň uly baýlygy onuň saglygydyr. Şonuň üçin hem halk arasynda «Saglygym – baş baýlygym» diýen paýhasly söz giňden ulanylýar. Saglyk diňe bir şahsy bagtyýarlygyň däl, eýsem, jemgyýetiň ösüşiniň, ykdysady kuwwatynyň we döwletiň durnuklylygynyň hem esasy şertidir.
Soňky ýyllarda dünýäniň köp ýurtlarynda saglygy goraýyş ulgamy düýpli özgertmeleri başdan geçirýär. Sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, öňüni alyş lukmançylygynyň ösdürilmegi, ýokary tehnologiýaly anyklaýyş we bejeriş usullarynyň ulanylmagy saglygy goraýyş ulgamynyň täze döwrüni emele getirdi. Bu ugurda Türkmenistan döwletimizde halkara tejribäni üstünlikli özleşdirip, milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) saglygyň diňe keseliň ýoklugy däl-de, eýsem, adamyň fiziki, ruhy we durmuş taýdan doly abadançylyk ýagdaýydygyny belleýär. Häzirki wagtda ösen döwletlerde saglygy goraýyş ulgamynyň esasy ugurlary hökmünde öňüni alyş çäreleri, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegi, ýokary tehnologiýaly lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligi we lukmançylyk biliminiň kämilleşdirilmegi çykyş edýär.
Eziz Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda döwrebap hassahanalar, saglyk öýleri we ylmy-kliniki edaralar gurlup, ulanylmaga berildi. Olar dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendir. Bu bolsa raýatlara halkara ölçeglerine laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny almaga mümkinçilik döredýär. Aşgabat şäherinde ýerleşýän Halkara saglyk merkezleri müdiriýetine degişli hassahanalar diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, sebitde hem öňdebaryjy lukmançylyk edaralary hökmünde tanalýar. Bu merkezlerde ýürek-damar keselleri, endokrinologiýa, onkologiýa, göz keselleri we beýleki ugurlar boýunça ýokary derejeli hyzmatlar edilýär. Saglygy goraýyş ulgamynda öňüni alyş çärelerine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň BSGG tarapyndan ýokanç däl keselleriň öňüni almak, temmäki önümleriniň zyýanly täsirine garşy göreşmek ugurlarynda gazanan üstünlikleri halkara derejede ýokary baha mynasyp boldy. Türkmenistan birnäçe gezek temmäkä garşy göreşmek boýunça halkara güwänamalara eýe boldy.
Ýakynda ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak, temmäkä garşy göreşmek, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylygyny ýokarlandyrmak, adamyň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, bu ugurda netijeli we toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama» hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy hem tassyklanyldy.
Döwlet tarapyndan amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler halkyň saglygyny goramaga, ömrüň dowamlylygyny ýokarlandyrmaga we jemgyýetiň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu işler bolsa «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgäniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Kemal GUDRATULLAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň deri we weneriki keseller kafedrasynyň müdiri.
PDF









