Keselleriň öňüni almak – abadan jemgyýetiň binýady

1

Adam­za­dyň iň uly baý­ly­gy onuň sag­ly­gy­dyr. Şo­nuň üçin hem halk ara­syn­da «Sag­ly­gym – baş baý­ly­gym» di­ýen paý­has­ly söz giň­den ula­nyl­ýar. Sag­lyk di­ňe bir şah­sy bag­ty­ýar­ly­gyň däl, eý­sem, jem­gy­ýe­tiň ösü­şi­niň, yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň we döw­le­tiň dur­nuk­ly­ly­gy­nyň hem esa­sy şer­ti­dir.

Soň­ky ýyl­lar­da dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my düýp­li öz­gert­me­le­ri baş­dan ge­çir­ýär. San­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy, öňü­ni alyş luk­man­çy­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly anyk­la­ýyş we be­je­riş usul­la­ry­nyň ula­nyl­ma­gy sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň tä­ze döw­rü­ni eme­le ge­tir­di. Bu ugur­da Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de hal­ka­ra tej­ri­bä­ni üs­tün­lik­li öz­leş­di­rip, mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça uly iş­ler alnyp ba­ryl­ýar.

Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy (BSGG) sag­ly­gyň di­ňe ke­se­liň ýok­lu­gy däl-de, eý­sem, ada­myň fi­zi­ki, ru­hy we dur­muş taý­dan do­ly aba­dan­çy­lyk ýag­da­ýy­dy­gy­ny bel­le­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ösen döw­let­ler­de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň esa­sy ugur­la­ry hök­mün­de öňü­ni alyş çä­re­le­ri, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň wa­gyz edil­me­gi, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň el­ýe­ter­li­li­gi we luk­man­çy­lyk bi­li­mi­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi çy­kyş ed­ýär.

Eziz Di­ýa­ry­myz­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz­da döw­re­bap has­sa­ha­na­lar, sag­lyk öý­le­ri we yl­my-kli­ni­ki eda­ra­lar gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Olar dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ön­dü­ri­ji­le­ri­niň ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len­dir. Bu bol­sa ra­ýat­la­ra hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­ny al­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Aş­ga­bat şä­he­rin­de ýer­leş­ýän Hal­ka­ra sag­lyk mer­kez­le­ri mü­di­ri­ýe­ti­ne de­giş­li has­sa­ha­na­lar di­ňe bir Türk­me­nis­tan­da däl, eý­sem, se­bit­de hem öň­de­ba­ry­jy luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry hök­mün­de ta­nal­ýar. Bu mer­kez­ler­de ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri, en­dok­ri­no­lo­gi­ýa, on­ko­lo­gi­ýa, göz ke­sel­le­ri we beý­le­ki ugur­lar bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­li hyz­mat­lar edil­ýär. Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da öňü­ni alyş çä­re­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Ýur­du­myz­da ila­tyň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek, be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň BSGG ta­ra­pyn­dan ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, tem­mä­ki önüm­le­ri­niň zy­ýan­ly tä­si­ri­ne gar­şy gö­reş­mek ugur­la­ryn­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri hal­ka­ra de­re­je­de ýo­ka­ry ba­ha my­na­syp bol­dy. Türk­me­nis­tan bir­nä­çe ge­zek tem­mä­kä gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra güwänamalara eýe bol­dy.

Ýa­kyn­da ila­tyň ru­hy we be­den taý­dan sag­dyn­ly­gy­ny ga­zan­mak, tem­mä­kä gar­şy gö­reş­mek, ra­ýat­la­ryň sag­lyk ýag­da­ýy­ny has-da go­wu­lan­dyr­mak, aba­dan­çy­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, ada­myň öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak, bu ugur­da ne­ti­je­li we top­lum­la­ýyn çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, «Türk­me­nis­ta­ny tem­mä­ki­den azat ýur­da öwür­mek bo­ýun­ça 2026 – 2030-njy ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma» hem-de şu mak­sat­na­ma­ny ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy hem tas­syk­la­nyl­dy.

Döw­let ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­ler hal­kyň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga, öm­rüň do­wam­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga we jem­gy­ýe­tiň aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Bu iş­ler bol­sa «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen yn­san­per­wer ýö­rel­gä­niň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Kemal GUDRATULLAÝEW,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň deri we weneriki keseller kafedrasynyň müdiri.