28-29-njy maýda Gazagystanyň Astana şäherinde Ýewraziýa ykdysady bileleşigine (ÝYB) agza döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda emeli aň, umumy sanly bazar we söwda geçelgeleri baradaky meselelere bagyşlanan iki günlük sammit geçirildi. Duşuşykda çykyş eden Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew sanly ulgamyň we emeli aňyň durnukly ösüşiň esasy guralyna öwrülmegi netijesinde, agza ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 2026-njy ýylda, takmynan, 6 göterim ýokarlanyp, 85 milliard ýewrodan geçjekdigini we 2025-nji ýyldaky 80 milliard ýewrolyk rekord görkezijiden hem ýokary boljakdygyny mälim etdi. 12 ýyl bäri durnukly işleýän we meýdany 20 million inedördül kilometrden gowrak bolan umumy ykdysady çägi özünde jemleýän bu guramanyň agza döwletlerinde 2026-2027-nji ýyllarda jemi içerki önümiň ösüşiniň ortaça 2,5 göterim derejesinde bolmagyna garaşylýar.
Ýokary derejeli gepleşikleriň dowamynda taraplar bökdençsiz söwda bazaryny emele getirmäge ukyply bitewi sanly giňişligi döretmek hem-de emeli aňy amaly taýdan ulanmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki wagtda bileleşigiň çäklerindäki özara hasaplaşyklaryň, takmynan, 90 göterimi milli pul birliklerinde amala aşyrylýar we muňa parallel ýagdaýda bitewi üstaşyr ulgamyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle hem logistika we ulag geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak maslahatlaşylyp, Hytaýdan Ýewropa ugradylýan ýükleriň, takmynan, 85 göterimini daşaýan «Orta geçelge» we «Demirgazyk–Günorta» ugurlaryny doly integrirlenen logistik ekoulgama öwürmek hem-de 2030-njy ýyla çenli ýük daşamagyň göwrümini 10 million tonna ýetirmek maksat edinilýär.
ÝYB-nyň sammiti Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Gazagystana amala aşyran döwlet saparynyň yzýany geçirildi. Saparyň barşynda taraplar energetika, ulag, maliýe, bilim we senagat ýaly ugurlarda ikiçäk hyzmatdaşlygyň 7 sany esasy ugruny we giň gerimli ylalaşyklar toplumyny ylalaşdylar. Şeýle hem Russiýa tarapyndan Gazagystanda bahasy 14 milliard ýewro barabar bolan we ýurduň elektrik energiýasyna bolan isleginiň 20 göterimini üpjün etjek ilkinji atom elektrik stansiýasynyň gurluşygy baradaky taslama aýratyn bellenip geçildi. Bu wajyp desga sebitde energetika howpsuzlygyny berkitmäge we taraplaryň ýokary tehnologiyaly önümçilik ugrundaky hyzmatdaşlygyny täze belentliklere götermäge uly goşant goşar.
PDF









