Ermenistan Respublikasynda parlament saýlawlary geçirildi we häzirki wagtda sesleri hasaplamak işleri dowam edýär. Ilkinji berilýän maglumatlara we jemgyýetçilik pikirini öwreniş guramalarynyň seljermelerine görä, häzirki Premýer-ministr Nikol Paşinýanyň ýolbaşçylygyndaky «Graždan şertnamasy» partiýasy sesleriň köplügini alyp, öňde barýar. Ýurt boýunça açylan 2005 sany saýlaw uçastogynda saýlawçylaryň işjeňligi ýokary bolup, ses bermäge gatnaşanlaryň sany 59 göterime golaýlady.
Bu gezekki saýlawlar sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we ykdysady ösüşi pugtalandyrmak ugrunda möhüm bäsleşik şertlerinde geçdi. Häzirki hökümet tarapyndan durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler we halkara hyzmatdaşlyk ugurlary daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ünsüni çekip, olar tarapyndan Ermenistanyň ykdysady ösüş maksatnamalaryna we maýa goýum taslamalaryna ýokary baha berilýär.
Premýer-ministr Nikol Paşinýan özüniň çykyşlarynda sebitde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmegiň we taryhy parahatçylyk ylalaşyklarynyň esasynda geljek nesiller üçin durnukly geljegi gurmagyň ileri tutulýan ugurdygyny mälim etdi. Şonuň bilen birlikde, Ermenistanyň daşary syýasatda köp ugurly we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ykjam ygrarlydygy, şol sanda Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň çäklerinde özara bähbitli ykdysady we söwda gatnaşyklaryny, şeýle hem energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy parahatçylykly hem-de ynanyşmak ýolunda yzygiderli dowam etdirjekdigi nygtaldy.
PDF









