Britaniýanyň «The Guardian» gazeti dünýäniň dürli künjeklerinden bolan ýazyjylaryň, edebiýat tankytçylarynyň we alymlaryň gatnaşmagynda geçirilen ses berlişigiň netijeleri esasynda, iňlis dilinde neşir edilen iň gowy 100 romanyň täze sanawyny yglan etdi. Sanawda birinji orny iňlis ýazyjysy Jorj Eliotyň «Midlmarç» romany eýeledi. 1871–1872-nji ýyllarda okyjylara gowşan bu eserde XIX asyryň birinji ýarymynda Angliýada bolup geçen giň gerimli taryhy özgerişleriň fonunda maşgala, syýasat, din we ylym ýaly möhüm ugurlar çeper beýan edilýär.
Halkara bilermenleriň beren sesleri esasynda taýýarlanan bu sanawyň ikinji ornuna Nobel baýragynyň eýesi, amerikan ýazyjysy Toni Morrisonyň 1987-nji ýylda çap edilen «Magşuk» romany, üçünji ornuna bolsa Jeýms Joýsuň modernist edebiýatyň görnükli nusgasy hasaplanýan «Uliss» romany mynasyp boldy. Reýtingiň ilkinji onlugyna Wirjiniýa Wulfyň «Maýaga», Marsel Prustuň «Ýitirilen wagtyň gözleginde», Lew Tolstoýyň «Anna Karenina» we «Uruş we parahatçylyk», Şarlotta Bronteniň «Jeýn Eýr», Jeýn Ostiniň «Tekepbirlik we köre-körlük» hem-de Gýustaw Floberiň «Hanym Bowari» ýaly dünýä meşhur eserleri girdi.
Şeýle-de sanawa Fransis Skott Fitsjeraldyň «Beýik Getsbi», Çarlz Dikkeensiň «Sowuk öý», Herman Melwilliň «Mobi Dik», Jorj Oruelliň «1984» we Gabriel Garsia Markesiň «Ýalňyzlygyň ýüz ýyly» ýaly meşhur romanlary hem girizildi. Bu meşhur sanawda rus edebiýatyň görnükli wekilleriniň ýazan eserlerine hem uly orun berildi. Hususan-da, Wladimir Nabokowyň «Lolita» romany 25-nji, “Solgun alaw” eseri 29-njy, Fyodor Dostoýewskiniň «Doganlar Karamazowlary» romany 28-nji, «Jenaýat we jeza» eseri 69-njy, Mihail Bulgakowyň «Master we Margarita» romany 66-njy hem-de Wasiliý Grossmanyň «Durmuş we ykbal» atly eseri 91-nji orny eýeledi.
PDF









