Ermenistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw topary parlament saýlawlarynda ses berişligiň ilkinji resmi netijelerini mälim etdi. Saýlaw býulletenleriniň 68 göterimi sanalandan soňra, häzirki Premýer-ministr Nikol Paşinýanyň ýolbaşçylygyndaky «Raýat şertnamasy» partiýasy sesleriň 49,46 göterimini (539 503 ses) aldy. Bu görkeziji hökümeti ýeke-täk dolandyrmak üçin zerur bolan çäkden azdyr. Saýlawlarda ikinji orny 23,72 göterim ses bilen işewür Samwel Karapetyanyň «Güýçli Ermenistan» blogy, üçünji orny bolsa 10,1 göterim ses bilen öňki Prezident Robert Koçaryanyň «Ermenistan» bileleşigi eýeleýär.
Ýurtda jemi 1 million 476 müň 597 raýat ses bermäge gatnaşyp, gatnaşyk 58,97 göterime deň boldy. Ermenistanyň kanunçylygyna görä, parlamente girmek üçin partiýalara 4 göterim, syýasy bileleşiklere (bloklara) bolsa 8-10 göterim çägi geçmek şerti goýulýar.
Bu gezekki syýasy çärä jemi 16 partiýa we iki partiýa bileleşigi gatnaşdy. Häzirki wagtda saýlaw uçastoklaryndan gelip gowuşýan resmi sesleri hasaplamak we gutarnykly netijeleri jemlemek işleri Merkezi saýlaw topary tarapyndan yzygiderli dowam etdirilýär.
PDF









