Rim katolik buthanasynyň Baştutany Papa Lew XIV «Gözýetimiňizi giňeldip, ýokary göteriliň!» diýen şygar astynda Ispaniýa Patyşalygyna ilkinji apostollyk saparyny amala aşyrýar. Halkara we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä, 6-njy iýunda başlanan we 12-nji iýuna çenli dowam etjek bu alty günlük resmi sapar Rim Papasynyň 2025-nji ýylyň 8-nji maýynda mukaddes wezipä saýlanmagyndan bäri bu ýurda guraýan ilkinji wajyp syýahatydyr. Saparyň çäklerinde Rim katolik buthanasynyň Baştutany, takmynan, 2500 kilometr aralygy geçip, ýurduň dört sany iri şäherinde – Madridde, Barselonada, Gran-Kanariýada we Tenerifede guralýan jemi 21 sany resmi hem-de medeni-ynsanperwer çärelere gatnaşýar.
Dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde duran bu sapar diňe bir resmi häsiýete eýe bolman, eýsem, dini lideriň şahsy durmuşy we asly bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Rim katolik buthanasynyň taryhynda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Peru Respublikasynyň iki raýatlygyna eýe bolan Papa Lew XIV-niň ejesiniň aňrysynyň ispan bolmagy, bu çärelere aýratyn ynsanperwer we dostlukly öwüşgin çaşýar. Taraplar şeýle ýokary derejeli saparlaryň we halkara hyzmatdaşlygyň dünýäde parahatçylygy, medeniýetara dialogy hem-de özara ynanyşmagy berkitmekde taryhy ähmiýetiniň uludygyny belleýärler.
PDF









