Indoneziýa degişli bolan Bali adasy tebigy gözellikleriň mekany hasaplanýar. Malaý arhipelagynda ýerleşýän bu ada Hindi we Ýuwaş ummany bilen ýuwulýar. Owadan adanyň tutýan meýdany 5 müň 780 inedördül kilometr bolup, dolandyryş merkezi Denpasar şäheridir. «Romantikleriň adasy» diýlip atlandyrylýan bu ýer 1980-nji ýyllardan soň ýurduň iň meşhur syýahatçylyk merkezine öwrülýär.
Baliniň demirgazyk we gündogar kenarýakasyndaky çägelikler gara reňkli bolup, wulkanlaryň sebite ýaýramagy bilen emele gelipdir. Bali adasy «Müň ybadathana adasy», «Taňry adasy» diýlip hem atlandyrylýar. Sebäbi ekzotik adada, takmynan, 10 müňden gowrak ybadathana bar. Şolaryň arasynda Lempuýang Luhur (Jennetiň derwezesi) ybadathanasy iň meşhury bolup, gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Balidäki ähli ybadathanada swastika nyşanyny görmek bolýar. Nyşanyň ady sanskrit dilindäki «swastika» sözünden gelip çykyp, Balide «hoşniýetlilik, hoşniýetli zat» diýen manyda ulanylýar. Romantik ada dynç almaga barýan syýahatçylardan islendik ybadathana girmek üçin sarong (bedeniňi örtýän uzyn ýapynja) geýmek haýyş edilýär. Bu ýerdäki düzgünlere görä, ybadathana barýanlaryň egni ýapyk bolmaly. Bu düzgünler Bali adasynda ýaşaýanlaryň ata-babalaryna goýýan hormaty diýlip düşündirilýär.
Ýaşyl adada 4 milliondan gowrak ilat ýaşaýar. Adanyň ýaşaýjylarynyň esasy käri balykçylyk we senetçilik bolup, syýahatçylyk ösen pudak hasaplanýar. Bali adasy diňe owadan deňiz kenarlary, gür tokaýlyklary, täsin haýwanat dünýäsi bilen tanalman, eýsem, milli we döwrebap tanslary, heýkeltaraşlyk, suratkeşlik sungaty, deri we metal işläp bejermek hem-de ösen aýdym-saz sungaty bilen hem meşhurdyr. Indoneziýanyň halkara film festiwaly hem her ýyl Balide geçirilýär. Bali adasyna her ýyl 5 million töweregi syýahatçy barýar.
PDF









